El degirmeni


El degirmeni



Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagalallary bilen ýurdumyzyň dürli künjeklerindäki muzeýlerimiz türkmen halkynyň dürli taryhy döwürlerindäki ýaşaýyş­durmuşynyň ähli ugurlaryna degişli täze arheologik, etnografik gymmatlyklar bilen baýlaşdyrylýar.
Gahryman Arkadagymyzyň tagallalaryndan ylham alýan türkmen alymlary ülkämiziň medeni­taryhy ýadygärliklerinde yzygiderli gazuw­agtaryş işlerini alyp barýarlar. Ine, şeýle gazuw­agtaryş işleri 2018 — 2019­njy ýyllarda Merw medeni döwlet goraghanasynyň arheologlary tarapyndan Mary welaýatynyň çägindäki Uly Gyzgala, Abdylla han gala taryhy ýadygärliklerinde hem­de Daňdanakan medeni­taryhy goraghanasynda geçirildi. Bu arheologik gözleglerden tapylan taryhy gymmatlyklar 2019­njy ýylyň 4­nji dekabrynda Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň gaznasyna tabşyryldy. Tapylan taryhy gymmatlyklardan: çyradanlar, zähmet gurallary, hojalykda ulanylýan gurallar otagdyr köşklerde goýulýar, bürünçden ýasalan, ys beriji ulurak gaplar orta asyrlarda ýaşan türkmenleriň ýaşaýyş­durmuşynyň has gaýnap­joşandygynyň subutnamasydyr. Mundan başga­da, gazuw­agtaryş işleriniň netijesinde, Daňdanakan medeni ýadygärliginiň çäklerinden tapylan el degirmenine ünsüňizi çekmek isleýäris. Bu el degirmeni Х asyr bilen senelenip, häzirki medeni ýadygärligiň ýerleşen ýeriniň taryhda boz toprakly ýer bolandygyna, däneli ekinleriň köp ekilendigine şaýatlyk edýär.
Tapylan degirmeniň beýleki degirmenlerden öz boluşly tapawutly ýeri bolsa, bugdaýy döwüp una öwürýän böleginiň ýonulyp ýasalmagydyr. Şeýle­de degirmen daşynyň içki ýüzi atanaklaýyn joýa kysmy edilip, ol hem tegelek daşyň içki ýüzünde birtaraplaýyn däl­de, birnäçe taraplaýyn oýulyp çekilen şekilleri bar. Şol atanaklaýyn joýa şekilleriň üsti bilen, haýsydyr bir ösümlik dänesini döwmekde oňat netijäni berendir diýip çaklamak bolar. Arheologlar tarapyndan geçirilen gazuw­agtaryşda ýasy daşjagazlaryň, balykgulaklaryň tapylmagy şol ýerde belli bir derejede suwuň bolandygynyň hem alamatydyr.
Şeýle taryhy gymmatlyklary ylmy taýdan öwrenmekde uly mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimize sagbolsun aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun, il­ýurt bähbitli işleri elmydama rowaç alsyn.

Töre NOBATOW