Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň döwlet baýdagynyň güni mynasybetli geçirilen „Mukaddes tugum“ atly sergisi


Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň döwlet baýdagynyň güni mynasybetli geçirilen „Mukaddes tugum“ atly sergisi



Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, „Halkyň Arkadagly zamanasy“ ýylynda Türkmenistanyň Döwlet Baýdagynyň hem-de Konstitusiýasynyň güni şanly baýramçylyklaryň biri hökmünde dabaraly bellenilip geçilýär. Ynsanperwerlige ýugrulan Konstitusiýamyz, Garaşsyz döwletiň nyşany bolan Baýdagymyz özüniň milliligi bilen her bir raýatyň kalbynda ruhubelentlik duýgularyny oýarýar. Halkyň mertebe tugy, döwlet berkararlygynyň mukaddeslik nyşany, türkmeniň beýik buýsanjy bolup pasyrdaýan Baýdagymyzyň, ynsanperwerlik, agzybirlik ýörelgelerini özüne siňdiren Konstitusiýamyzyň baýramçylygy mynasybetli Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde “Mukaddes tugum“ atly sergi gurnalyp tomaşaçylara hödürlendi.
Türkmenistanyň halk suratkeşleri Ýewgeniýa Adamowanyň “Toý wagty“, “Dutar hakda söhbet“, “Eneler–Watana“, A.Hajyýew “Magtymgulynyň portreti“, Ýarly Baýramowyň “Gadymy Nusaý topragynda baýramçylyk“, Öwez Mämmetnurowyň “Meýdan gülleri“, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgärleri Saparmämmet Meredowyň “Magtymguly“, “Türkmen ýaýlasynyň owazy“, Ata Akyýewiň “Türkmenler hakynda aýdym“, suratkeşler Kakageldi Seýitmuhammedowyň “Bu gün toý“, Walentin Kudrýaşowyň „Parfiýa ýaýlasy“, Merdan Kakabaýewiň „Ýedigen“ eserleri, Türkmenistanyň halk suratkeşi Solmaz Muhammedowanyň, Annameret Taganowyň keramika eserleri ýerleşdirildi.
Ýurdumyzyň taryhyndan nyşan bolan gadymy galalar, türkmen tebigatynyň gözellikleri, bagşy-sazandalar, toý-dabaralardan pursatlar, parahat asmanymyzda asuda pasyrdaýan türkmen Baýdagy baradaky eserleri synlanyňda parahatçylygyň tarapdary bolan, Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň ynsanperwer Konstitusiýasynyň, mukaddes Baýdagynyň saýasyndaky parahat ýaşaýyş baradaky buýsançly duýgular kalbyňa dolýar.
Döwletiň bitewiligi bolan Konstitusiýamyz we mertebe tugy bolan Döwlet Baýdagymyz baky ýaşasyn!

D.Kulyýewa