Zenanlar – gözelligiň dünýäsi


Zenanlar – gözelligiň dünýäsi

Bahar bägülleri kimin owadan, nurana, mähriban türkmen zenanlarymyza sylag-sarpa, hormat goýmak ýaly asylly däpler bagtyýar zamanamyzda has-da özboluşly öwüşgine eýe bolýar. Erkana watanymyzyň goýnunda türkmen gelin-gyzlary, jemgyýetimiziň dürli ugurlarynda zähmet çekip döwletimiziň ösüşine öz goşantlaryny goşýarlar.

Ýurdumyzda Halkara zenanlar güni halkymyzyň gelin-gyzlara, ilkinji nobatda bolsa mährem enelere bolan oňyn gatnaşyklaryny özünde jemleýän milli dessurlarymyz esasynda giňden dabaralanýar. Bu şanly baýramçylyk mynasybetli ähli zenanlarymyza, hormatly dynç alyşdaky enelere, mekdep okuwçylaryna, çagalar baglarynda terbiýelenýän gyzjagazlara döwlet Baştutanymyzyň adyndan sowgatlaryny gowşurylýar. Şunuň bilen birlikde hem, Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, «Ene mähri» diýen hormatly ady dakylýar. Bu zenanlarymyzyň, jemgyýetimiziň we döwletimiziň öňünde bitiren hyzmatlarynyň, Watanymyzyň gülläp ösmegine goşan saldamly goşandynyň ykrar edilmeginiň beýik nyşanydyr.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Halkara zenanlar gününe bagyşlap «Zenanlar - gözelligiň dünýäsi» atly sergi gurnaldy.

Serginiň başynda türkmen zenanlaryny bezeýän bahar paslynyň owadan reňklerini ýatladýan ýaşyl, sary, ak çyrpylaryň birnäçe görnüşleri görkezilýär. Şonuň bilen birlikde hem elde dokalan dürli reňkli ýüpek keteniler sergä bezeg berýär.

Muzeýiň gaznalary gadymy gymmatlyklara örän baýdyr. Türkmen zenanlaryny bezeýän şol gymmatly şaý-sepleri we häzirki döwürde döredilen zergärçilik eserleriniň birnäçesi sergide orun tapýar. Serginiň dowamynda halypa nakgaşlarymyz Y.Gylyjowyň «Jadyly nagyşlar», Ş.Akmuhammedowyň «Halk döredijiligi» atly eserlerinde türkmen gelin-gyzlarynyň gadymdan gaýdýan inçe senedini wasp edýärler. R.Muhammedowyň «Ene», G.Barannikowanyň «Gelin», Ş.Mämmedowanyň «El hünäri il gezer» ýaly eserlerini görmek bolýar. Ş.Rejepowyň «Gadymy senet» atly eserinde çeper elli gyz-gelinlerimiziň döreden önümleri öz beýanyny tapýar. Kupriniň, W.Maýkowskiniň nakgaş eserlerinde bolsa reňkleriň ýitiligi ýaz paslynyň ajaýyplygyny ýatladýar.

Sergide ýaş suratkeş G.Ýazmuhammedowanyň «Gelin», «Güller», «Milli gymmatlyklarymyz» atly nakgaş eserleri sergide ilkinji gezek görkezilýär.