Şekillendiriş sungaty muzeýiniň göçme sergisi


Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýiniň göçme sergisi



Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýaşlaryň, aýratyn hem talyplaryň arasynda türkmeniň geçmiş taryhyny, milli mirasymyzy dikeltmek, aýawly saklamak, goramak we sergilemek arkaly halkymyza wagyz etmek, muzeý gymmatlyklarymyzyň üsti bilen ýaşlarymyzyň Watanymyza, halkymyzyň milli medeni mirasyna, türkmeniň şöhratly taryhyna çuňňur söýgüsini, buýsanjy ösdürmek maksady bilen “Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany” ýyly mynasybetli 2020-nji ýylyň 11-nji fewralynda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gaznasynda saklanýan muzeý gymmatlyklaryndan Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Söwda-kooperatiw mekdebinde göçme serginiň açylyş dabarasy boldy.

Sergide ussat suratkeşler Yzzat Gylyjowyň “Güýz aýdymy”, ýakup Annanurowyň “Ussat”, Mämmet Mämmedowyň “Toý”, Annadurdy Almämmedowyň “Magtymgulynyň Watanynda”, Öwezmuhammet Mämmetnurowyň “Dag etegi”, Wýaçeslaw Maýkowskiniň “Asman aty”, Ýarly Baýramowyň “Gadymy Nusaý topragynda baýramçylyk” Walentin Kudrýaşowyň “Parfiýa ýaýlasy”, Kakageldi Seýitmuhammedowyň “Garaşsyzlyk toýy”, “Bu gün toý” atly eserler öz beýanyny tapdy. Eserlerde türkmeniň taryhy wasp edýän milli gymmatlyklarymyzyň gözelliklerini milli öwüşginlere beslenýär. Serginiň süňňünden geçýän taryhy milli gymmatlyklarymyzy, taryhy şahsyýetlerimizi, gözel tebigatymyz baradaky eserler suratkeşler tarapyndan inçelik bilen şöhlelendirilipdir.

Şeýle hem serginiň dowamynda dürli döwletleriň sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren “Deňiz peýzažy”, “Peýzaž” atly eserler toplumynyň birnäçesi sergilendi. Bu işler Türkmenistan Watanymyzyň medeni dostlukly gatnaşyklarynyň şaýatlarynyň subutnamasy görkezýär. Sowgatlyk işlerde dürli ýurtlaryň sungaty we gözel tebigatynyň şekilleri öz beýanyny tapýar.

Sergi 16-njy fewrala çenli dowam eder.