Türkmenistanyň Döwlet muzeýinde «Türkmen alabaýy – ynamyň we wepalylygyň nusgasy» atly sergisi geçirildi


Türkmenistanyň Döwlet muzeýinde «Türkmen alabaýy – ynamyň we wepalylygyň nusgasy» atly sergisi geçirildi

Şu gün Türkmen alabaýynyň milli baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Türkmen alabaýy – edermenligiň we wepalylygyň nusgasy» atly sergi guraldy.

Sergide türkmen alabaýynyň keşbi suratlandyrylan haly pannolara aýratyn orun berilýär. Halylarda häzirki wagtda haly gölleri bilen bilelikde türkmen alabaýynyň keşbiniň sazlaşykly dokalmagy bu olaryň türkmen durmuşynda uly orun eýeleýänligini alamatlandyrýar. Şeýle-de sergide muzeýiň arheologiýa gaznasynda saklanýan toýundan ýasalan itiň heýkeljikleri, ýazuw çeşmeleri gaznasynda saklanylýan gadymy fotosuratlar, maddy-medeniýet we sowgatlyklar gaznalarynda saklanylýan alabaý bilen bagly zergärçilik eserleri hem-de heýkeller sergilendi.

Sergini Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Medeni aň-bilim işleri bölüminiň müdiri Durdymyrat Atdaýew alyp bardy. Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň Daşoguz welaýat merkeziniň başlygy Haldurdy Goçow, «Türkmeniň nusgalyk alabaýy» žurnalynyň baş redaktory Narly Nuryýew, «Türkmen dünýäsi» gazetiniň jogapkär kätibi Döwrangeldi Agalyýew we geograf-ekolog Waleriý Iwanowiç Kuznesow çykyş etdiler. Myhmanlar täsirli gurnalan sergiden hoşal boldular.