Geçmişiň ýaňy, ertiriň daňy-gadymy Änew şäheri
Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwrenmek hem-de beýik söz ussadynyň nusgalyk döredijiligini ýaş nesillerde ýaýmak maksady bilen 2024-nji ýyly «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýilmegi milli mirasymyza goýulýan hormatdyr. Änew şäheriniň 2024-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag şäheriniň häkimligi we Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Arkadag şäheriniň komiteti hem-de Arkadag şäheriniň Oba hojalyk müdirliginiň gatnaşmagynda «Geçmişiň ýaňy, ertiriň daňy-gadymy Änew şäheri» atly döredijilik söhbetdeşligi geçirildi.
Söhbetdeşlikde Arkadag şäheriniň häkimligi we Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Arkadag şäheriniň komiteti hem-de Arkadag şäheriniň Oba hojalyk müdirliginiň hünärmenleri çykyş etdiler. Täsirli çykyşlarda dünýä taryhynda uly yz galdyran gymmatly maglumatlary bilen «Änew medeniýeti» diýlip atlandyrylan oturymly-ekerançylyk medeniýetiniň bolandygy barada gürrüňdeşlik edildi. Taryhda baý maglumatlardan söz açýan Änew şäheriniň aýratynlyklary, ak bugdaýyň taryhy we milli aýratynlyklary barada söhbetler edildi. Änew şäheriniň 2024-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi türkmen halkynda uly buýsanç döretdi.
Türkmen halkynyň baý edebi mirasyny dünýä ýaýmakda giň ýol açan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň mundan beýläkde rowaçlyklara ýar bolmagyny arzuw edýäris.