«Türkmen tebigatynyň täsinlikleri» atly göçme sergi


«Türkmen tebigatynyň täsinlikleri» atly göçme sergi



2020-nji ýylyň 10-njy aprelinde Döwlet muzeýiniň Tebigat we ülkäni öwreniş bölümi tarapyndan Aşgabat şäherindäki 19-njy orta mekdebinde «Türkmen tebigatyň täsinlikleri» atly göçme sergisi gurnaldy. Bu sergi Döwlet muzeýiniň Tebigy gymmatlyklar gaznalarynda saklanýan eksponatlaryň esasynda gurnaldy. Olar biziň ýurdumyzyň çäklerinde gazylyp alynýan dürli görnüşli peýdaly magdanlar, mineral daşlar we dag jynslary. Muzeýiň paleontologiýa kolleksiýasy çagalarda aýratyn gyzyklanma döretdi. Sergide üstünden 270 million ýyl geçen daşa öwrülen agaç, 150 million ýyl ýeriň astynda ýatan kelleaýakly mollýuskalar, deňiz kirpileri şeýle-de, neogen döwrüniň balykgulaklary bilen tanyşdylar.

Bu göçme sergide biziň ýurdumyzda duş gelýän ösümlikleriň, guşlaryň, süýdemdirijileriň we süýrenijileriň dürli görnüşleriniň suratlary we gäpleri görkezildi hem-de çagalara gyzykly gürrüň berildi.