«Arkadagly Watanda sungatymyz sarpaly»


«Arkadagly Watanda sungatymyz sarpaly»



Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen medeniýeti we sungaty ajaýyp gözellikler bilen her bir adama uly täsirini ýetirýär. Biziň milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň bu günki gün diňe bir öz watanymyzda däl, eýsem ähli dost-doganlyk döwletlerde hem uly hormata mynasyplygy medeniýet we sungat ussatlarymyzyň döredijilik ýolunda çekýän zähmetleriniň ajaýyp miwesidir.
Garaşsyz, hemişelik bitarap ýurdumyzda ähli ugurlarda göwünleri galkyndyrýan ösüşler gazanylýar. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda türkmen medeniýeti we sungaty häzirki wagtda dünýä ýüzünde uly abraýa eýedir. Daşary döwletlerde geçirilýän medeniýet hepdelerinde biziň ajaýyp sungat gözelliklerimiz, medeni mirasymyz uly söýgä mynasypdyr.
Türkmen medeniýetiniň, sungatynyň inçeligi, nepisligi, özüne siňdiren milli däp-dessurlary amaly-haşam sungaty, şirin owazly aýdymlary, sazlary, mukamlary bilen şeýle-de ajaýyp sungat eserleri bilen beýikdir. Medeniýetimize we sungatymyza bimöçber sarpa goýýan Hormatly Prezidentimiz bu ugurda zähmet çekýän hünärmenleriň, zehin başarnyklaryny doly açyp görkezmekleri üçin hemmetaraplaýyn giň mümkinçilikler döredýär. Elbetde, eşretli döwrümizde Hormatly Prezidentimiziň medeniýete, sungata goýýan çäksiz sarpasy netijesinde, her ýylyň 27-nji iýunynda bellenilýän medeniýet we sungat işgärleriniň güni şeýle hem türkmeniň akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününi uly dabara we baýram edip bellemäge giň mümkinçilik berdi, bu bolsa biz medeniýet we sungat işgärlerini diýseň guwandyrýar.

Ýurdumyzda geçirilýän bu ajaýyp baýramçylyk mynasybetli Hormatly Prezidentimiz tarapyndan medeniýetde we sungatda zähmet çekýän halypalara, zehinli sungat ussatlarymyza hormatly atlaryň dakylmagy hem-de şeýle ajaýyp baýramçylyk mynasybetli çäreleriň geçirilmegi bizi has-da ruhlandyrýar. Şeýle baýramçylyk dabarasynyň geçirilýän döwründe Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde hem «Arkadagly Watanda sungatymyz sarpaly» atly sergi gurnaldy. Sergide ýurdumyzyň ussat suratkeşleriniň, heýkeltaraşlarynyň we amaly-haşam sungaty ussatlarynyň döreden ajaýyp sungat eserleri özüniň mynasyp ornuny tapýar. Sergide Nyýazmyrat Dowodow, Durdy Baýramow, Ýarly Baýramow, Mämmet Mämmedow, Aman Amangeldiýew, Saparmämmet Meredow, Allamyrat Muhammedow ýaly sungat ussatlarymyzyň eserleri sergä ajaýyp öwüşgin berýär. Sergide Türkmenistanyň halk suratkeşi Yzzat Gylyjowyň döreden Türkmenistanyň halk artisi, meşhur gyjakçy Annageldi Jülgäýewiň portret eserinde türkmeniň gyjak sazynyň owazyny buýsanç bilen janlandyryp oturan Annageldi Jülgäýewi görkezýär. Eserde sazyň güýjüne baharyň howasy erik agaçlaryň gülleýişi, biri-biri bilen sazlaşyp esere ajaýyp gözellik berýär. Mundan başga-da sergide heýkeltaraşlar Muhammet Ýuzbaşewiň, Saragt Babaýewiň, Täçmyrat Çaryýewiň, Magtymguly Nurymowyň eserleri tomaşaçylarda uly täsir galdyrar. Şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip beren Hormatly Prezidentimiziň jany sag, il-ýurt ähmiýetli işleri rowaç alsyn. Ýurdumyzda toýlar toýa ulaşsyn!