GURJAKLARYŇ ERTEKI DÜNÝÄSI


GURJAKLARYŇ ERTEKI DÜNÝÄSI



Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde gurnalan «Gurjaklar we oýnawaçlar dünýäsi» atly döredijilik sergisi gurnaldy.
Gurjak – gadymy döwürlerden bäri ähli dünýä belli bolan oýnawaçdyr. Bu serginiň üsti bilen siz gurjaklar dünýäsiniň üýtgeşik, täsin gahrymanlary bilen tanşyp bolýandygyna göz ýetirersiňiz. Sergilenýän işleriň arasynda ussatlaryň elde ýasan häzirki zaman hem milli egin-eşikli, örülen we bezeg üçin neýetlenen, ýumşak ýa-da agaçdan edilen; uly we kiçi göwrümli gurjaklar bardyr.
Sergide türkmen halk ertekileriň gahrymanlarynyň durmuşy, olaryň başdan geçiren wakalary janlanýar – bu ýerde Oguz hanyň döwründe ýaşan gaýduwsyz ýigitlere, ýedi doganyň jigisi Akpamyga, gadymy ülkeden gelen gözel şagyzyna, jadyly we hyýaly dürli görnüşli jandarlara duş gelip bolar. Sergi kiçi ýaşly myhmanlary gyzyklandyryp hem höweslendirip, ulular üçin çagalyk döwrüne dolanmaga mümkinçilik berer.
Türkmen gurjak ussatlaryň bu sungat eserleri nädip döredilendigine düşünmek üçin sergide ýerleşdirilen işleri üns berip synlamak gerek. Bu sergi sungatyň iň gyzykly görnüşleriň biri bolan, ýagny gurjak ýasamak hünäri bilen meşgullanýan adamlar bilen tanyşmaga hem mümkinçilik döreder. Gurjak ussatlar, öz gezeginde ähli çagalara oýnawaçlar dünýäsine ýol açar.
Gurjaklara özüniň döredilen wagtyna laýyk gelýän geýimler geýdirilen. Sergide gurjaklaryň egin-eşikleri we köwüşleri, şaý-sepleri we olaryň erteki durmuşyna degişli başga esbaplary görkezilýär. Bu gurjaklaryň arasyndan saýlanyp alynjak sowgatlyk gurjaklary hakykatdanam her bir çagany begendirer we geň galdyrar. Hiç bir çaga bular ýaly täsin oýnawaçlara biperwaý galyp bilmez.
Sergilenýän gurjaklar taryhylygyň, asyllylygyň, rehimliligiň duýgusyny döredýär, olar şeýle bir owadan hem mylaýym...
Geliň, bu sergiň jadyly dünýäsine gezelenç edeliň! Sergi 2021-nji ýylyň dekabr aýynyň 25-27-si aralygynda ähli tomaşaçylar üçin açyk bolar.