Göni wideo aragatnaşyk arkaly halkara ylmy maslahaty geçirildi
Bitarap Türkmenistan Garaşsyzlyk ýyllary içinde dünýä döwletleri bilen halk hojalygynyň dürli ugurlary boýunça dostlukly, özara bähbitli we uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýdy. Hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan daşary syýasaty parahatçylyk söýüjilige, hoşniýetli goňşuçylyga we özara peýdaly hyzmatdaşlyga esaslanýar. Türkmenistan goňşy döwletler bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady gatnaşyklar bilen birlikde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy hem giň gerim bilen ösdürýär. Gahryman Arkadagymyz öz çykyşlarynda ýurdumyzyň halkara abraýynyň ýokarlanmagyna mähriban halkymyzyň gözbaşyny gadym döwürlerden alyp gaýdýan baý medeni mirasynyň we ruhy gymmatlyklarynyň göniden-göni öz täsirini ýetirýändigini belleýär.
Ýurdumyzyň çäginde halkymyzyň manyly geçmişini özünde jemleýän
taryhy-medeni ýadygärlikleriň ençemesi ýerleşýär. Olardan Gadymy Merw, Nusaý, Köneürgenç ýaly ýadygärliklerimiz ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawynyň hataryna girizildi. Şol taryhy ýadygärlikler türkmeniň şöhratly geçmişini bütin dünýä aýan edýär. Gadymy Nusaýyň, Merwiň we Köneürgenjiň tutuş adamzadyň gymmatlygy hökmünde ykrar edilmeginiň özi türkmen halkynyň dünýä siwilizasiýasyna goşan uly goşandynyň subutnamasydyr. Ýurdumyzda ýerleşýän ýadygärlikler adamzadyň maddy medeniýetini öwrenýän alymlara öz baý tapyndylary bilen begendirip, taryhyň gatynda gizlenip galan syrlary açmaga, gadym zamandaky medeni gatnaşyklaryň häsiýetini we dünýä taryhynda tutýan ornuny aýdyňlaşdyrmaga kömek edýär.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň daşary döwletler bilen alyp barýan hyzmatdaşlygynyň çäklerinde 2022-nji ýylyň 15-nji fewralynda Özbegistan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň Teýmirileriň taryhy Döwlet muzeýiniň guramagynda “Teýmirileriň döwrüne degişli gymmatlyklary hem-de ýadygärlikleri öwrenmek we rejelemek” boýunça göni wideo aragatnaşyk arkaly halkara ylmy maslahaty geçirildi. Bu ylmy maslahata Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.