Magtymguly, adyň döndi Pyraga


Magtymguly, adyň döndi Pyraga

2024-nji ýyla «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» adynyň dakylmagy her bir türkmen raýatynyň ýüreginde çäksiz joşgun döretdi. Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk baýramy diňe bir türkmen halky üçin däl-de, dünýä halklaryň baýramy hökmünde ykrar edildi. Her bir setiri ynsan dünýäsiniň gözelligine soňlanmajak ruhy çeşme bolup, kalplara melhem bolup siňýär. Magtymguly Pyragynyň Jemşidiň jamyna deňelen şygryýet ussatlygy bu günki ýaşlarymyza ebedi mekdepdir.

Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli muzeý işgärleriniň arasynda «Magtymguly, adyň döndi Pyraga» atly şahyryň goşgylaryndan çeper okaýyş döredijilik bäsleşigi yglan edildi. Bu gün bolsa şol döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi. Olar Magtymguly Pyragynyň goşgularyny çeper, labyzly okamak arkaly özleriniň ukyp başarnyklaryny görkezdiler. Elbetde, bu ýaşlaryň döredijilik dünýä bilen gyzyklanmagy hem-de şahyra goýulýan çäksiz hormat diýip bolar.

Bäsleşige gatnaşan muzeý işgärlerine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň geňeşi tarapyndan sowgatlar gowşuryldy. Ýaşlarymyza hyjuw, ukyp-başarnygyny artdyrmaga höwes döreden bu bäsleşik olarda ýatdan çykmajak pursat boldy.