«Türkmenistan – hoşniýetliligiň, asudalygyň, ygrarlylygyň ýurdy»


«Türkmenistan – hoşniýetliligiň, asudalygyň, ygrarlylygyň ýurdy»



Hormatly Prezidentimiziň asylly başlangyçlary esasynda, 2021-nji ýylyň «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagy ýurdumyzyň durmuşynda şatlykly waka boldy. Döwlet Baştutanymyzyň aýdyşy ýaly, her bir ýylyň özboluşly atlandyrylmagy öňde goýýan maksatlarymyza tarap öňe gitmäge ýardam edýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramy dabaraly belleniljek ýylyň şeýle atlandyrylmagy ýurdumyzyň halkara abraýyny belende götermekde, türkmen halkynyň parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerini has-da dabaralandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.
Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda mundan beýläk hem ýurdumyzyň uly ösüşlere eýe boljakdygyna, «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygaryna eýe bolan 2021-nji ýylyň hem beýik taryhy ýyl boljakdygyna halkymyz doly ynanýar.
2021-nji ýylyň «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde sergi hem-de onuň çäklerinde «Türkmenistan – hoşniýetliligiň, asudalygyň, ygrarlylygyň ýurdy» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahata ýurdumyzyň tanymal syýasatçylary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, döredijilik adamlary, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary gatnaşdylar. Maslahaty Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory, taryh ylymlarynyň kandidaty Öwezmuhammet Mämmetnurow açdy. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde gurnalan «Türkmenistan – hoşniýetliligiň, asudalygyň, ygrarlylygyň ýurdy» atly maslahatda tutuş dünýäde parahatçylygyň, ynanyşmagyň, dostlugyň we ynsanperwerligiň mekany diýlip tanalýan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň gelejegi, şu güni barada maslahata gatnaşan myhmanlar örän täsirli çykyş etdiler.