Baýramçylyk göçme sergisi


Baýramçylyk göçme sergisi



Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygyrýet güni mynasybetli Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy geçirildi. Dabaranyň çäklerinde, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gaznasyndaky medeniýetde we sungatda öçmejek yz goýan ussat halypalaryň portret eserlerinden düzülen göçme sergi gurnaldy. Sergide Türkmenistanyň halk suratkeşleri A.Hajyýewiň «Bir maşgala», D.Baýramowyň «Baba Annanowyň portreti», «Nakgaşçylyk seniň ömrüň, Stanislaw!», A.Hojanyýazowyň «Alty Garlyýewyň portreti», A.Muhammedowyň «A.Gulmämmedowyň portreti» ýaly birnäçe ussatlaryň portret eserleri baýramçylyk dabarasyna has-da şowhun goşdy.