Göçme sergi


Göçme sergi



Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly senesi dabaraly bellenjek, «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip atlandyrylan 2021-nji ýylda ýurdumyzyň ösüşleriniň has hem ýokary boljakdygy şu günden äşgär. Ýurdumyz şanly senelere beslenjek ýylda hem dünýä döwletleri bilen gatnaşyklarynda özara hyzmatdaşlygy ynanyşmak ýoly bilen giňeltmek üçin birnäçe maksatnamalary durmuşa geçirmegi göz öňünde tutýar. Gahryman Arkadagymyzyň dünýä döwletleri bilen alyp barýan ynsanperwerlik, dost-doganlyk, ynanyşmak ýaly asylly ýörelgelere eýerýän umumadamzat ähmiýetli daşary syýasaty Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriniň ählisinde goldaw tapdy.
Gahryman Arkadagymyzyň 2021-nji ýyly «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly diýip yglan etmegi hem-de ak şäherimiz Aşgabadyň 140 ýyllygynyň baýramçylygyny döwlet derejesinde bellemek barada kararnamany kabul etmegi bizi diýseň buýsandyrýar.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi tarapyndan Aşgabat şäherindäki Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda «Türkmenistan - parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly mynasybetli muzeý gymmatlyklaryndan ybarat bolan sergi gurnaldy. Onda Döwlet muzeýiniň Maddy medeniýet gaznasynda saklanylýan birnäçe gymmatlyklar myhmanlara hödürlendi. Haly we haly önümleri, milli saz gurallarymyz, dokmaçylykda ulanylýan birnäçe esbaplar, ýumaklar, ikler, darak we öý hojalygynda ulanylýan gap-gaçlar sergilenen we serginiň görnükli ýerinde bolsa berkarar döwletimiziň tebigat gözelliklerini we ösümlik dünýäsini şekillendirýän halylar görkezilen.