Türkmenistanyň Döwlet muzeýinde Hatyra gününe bagyşlanyp sergi gurnaldy
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Hatyra gününe bagyşlanyp «Mukaddes hakyda» atly sergi gurnaldy. Sergide Türkmenistanyň şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň, milli halk senetçiliginiň eserleri, halylar, zergärçilik we bezeg önümleri, dokumental fotosuratlar görkezilýär. Sergi iki bölümden ybarat bolup, onuň birinji bölümi Aşgabat ýer titremesine, ikinji bölümi bolsa Gökdepe söweşine bagyşlanýar.
1948-nji ýylyň 5-nji oktýabryndan 6-njy oktýabryna geçilýän gije bolup geçen tebigy betbagtçylyk 170 müňden gowrak adamyň ömür tanapyny kesip, türkmen paýtagtyny weýran etdi. Şol pajygaly wakadan bäri näçe ýyl geçse-de, mähribanlary hem-de ýakynlary baradaky hakyda nesilleriň ýüreklerinde baky ýaşaýar, ýitgileriň yzasy hiç haçan aýrylmaýar. Sergide Döwlet muzeýiniň «Ýazuw çeşmeleri» gaznasynda saklanylýan dokumental fotosuratlara aýratyn orun berilýär. Aşgabat şäheriniň taryhyna bagyşlanan suratlar tematiki taýdan toparlara bölünip, onda Aşgabat şäheriniň ýer titremeden öňki görnüşlerine, XX asyrdaky we Garaşsyzlyk döwrüniň binagärçiligine degişli bolan fotosuratlar görkezilýär. Sergide Seýitjemaleddin metjidiniň bina bölekleri hem sergilenýär.
Serginiň dowamynda Aşgabat şäheriniň häzirki ak mermere bürenen gözel keşbini wasp edýän türkmen zergärleriniň zähmetsöýer ellerinden çykan zergärçilik eserlerine hem-de haly pannolarda çitilen Aşgabady wasp edýän eserlere aýratyn orun berilýär.
Ata-babalarymyzyň eziz Watanyna bolan çäksiz söýgüsi netijesinde Gökdepe galasynda 1881-nji ýylda halkyň azatlygyny we garaşsyzlygyny gorap görkezen edermenligi türkmen halkynyň buýsançly taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Türkmen gerçekleriniň taryhda görkezen gahrymançylykly hereketlerini aýdyň şöhlelendirýän, Gökdepe galasyndan söhbet açýan muzeý gymmatlyklary bu günki sergide öz beýanyny tapýar. Sergide goýlan şekillendiriş sungatynyň eserlerini hem-de fotosuratlary synlanyňda bu söweşde görkezilen edermenligi aýdyňlygy bilen duýmak bolýar.