«Garaşsyzlyk bilen galkynýar Watan»
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde 2020-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygy mynasybetli «Garaşsyzlyk bilen galkynýar Watan» atly sergi gurnaldy. Şöhratly taryhy gahrymançylyga beslenen merdana halkymyzyň özbaşdak, Garaşsyz döwlet baradaky asyrlar boýy edip gelen arzuwy 1991-nji ýylda hasyl bolup, Garaşsyz Türkmen döwleti emele geldi. Garaşsyzlyk halkymyzyň milli buýsanjydyr. Berkarar döwletimiziň mizemezliginiň, il-günümiziň agzybirliginiň we abadançylygynyň binýadydyr.
Garaşsyzlyk ýyllarynda ata Watanymyz syýasy, ykdysady we medeni ugurlarda uly üstünlikleri gazandy. «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» diýlip atlandyrylan bu ýyl hem şanly wakalara baý boldy. Bu gün ata Watanymyz Türkmenistan sebitde ylalaşdyryjy merkeze öwrülip, emele gelen döwletara meselelerini parahatçylykly, syýasy-diplomatik ýollar bilen çözmegi teklip edýän döwlet hökmünde giňden tanalýar.
Bu şanly baýramçylyk mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Garaşsyzlyk bilen galkynýar Watan» atly sergi gurnaldy. Sergi hormatly Prezidentimiziň portreti, Döwlet baýdagymyz, Döwlet tugramyz we hormatly Prezidentimiziň Garaşsyzlyk barada aýdan parasatly sözleri bilen başlanyp, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen sepgitleri suratlandyrýan fotosuratlar bilen dowam edýär. Sergide Watanymyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünlikleri, ýeten sepgitleri barada gürrüň berýän fotosuratlara we maglumatlara esasy orun berilýär. Wideo şekiller arkaly Watanymyzda Garaşsyzlyk ýyllary içinde gazanylan şol üstünlikler, ýetilen belent sepgitler görkezilýär.
Mundan başga-da sergide Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän kitaplary, ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni wasp edýän ajaýyp zergärçilik, sungat eserleri, çeper elli halyçylarymyzyň döreden şekilli halylary we haly önümleri, şeýle-de türkmen suratkeşleriniň bagtyýar döwrümizi we ata Watanymyzyň ýeten belent sepgitlerini wasp edýän surat eserlerine esasy orun berilýär.
Sergini Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory, taryh ylymlarynyň kаndidaty Öwezmuhammet Mämmetnurow gutlag sözi bilen açdy. Serginiň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň direktorynyň orunbasary, Taryh ylymlarynyň kandidaty Handurdy Gurbanow, Türkmenistanyň Milli Bilim institutynyň bilim işgärleriniň hünärini kämilleşdirmek bölüminiň müdiri, Biologiýa ylymlarynyň kandidaty, dosent Sapargeldi Durdyýew, «Türkmenistan» gazetiniň bölüm redaktory Akmyrat Hojanyýazow,
«Milli goşun» žurnalynyň jogapkär kätibi Aşyrmät Garlyýew, «Garagum» žurnalynyň bölüm müdiri, Türkmenistanyň Halk ýazyjysy Döwletgeldi Annamyradow, «Türkmen dünýäsi» gazetiniň jogapkär kätibi,Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Döwran Agalyýew gatnaşdylar.
Dabarada örän gyzykly hem täsirli çykyşlar edilip, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy. Dabara gatnaşyjylar her ýylyň 27-nji sentýabrynda giňden bellenilýän Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli gurnalan «Garaşsyzlyk bilen galkynýar Watan» atly sergä aýlanyp gördüler, muzeýiň işgärleriniň gyzykly hem täsirli gürrüňlerini diňlediler.