«Türkmenistan – Bitaraplyk ýoly bilen» atly sergi bilen tanyşdylar


S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Aşgabat ş. agrosenagat orta hünär mekdebiniň talyplary Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde gurnalan «Türkmenistan – Bitaraplyk ýoly bilen» atly sergi bilen tanyşdylar



Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda her ýylymyz aýratyn ady bilen bellenip geçilýär. Hormatly Prezidentimiziň yglan eden «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýyly taryhy wakalara beslenip, dürli döwlet derejeli çäreler yzygiderli dowam edýär.

«Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýyly mynasybetli 2020-nji ýylyň 26-njy fewralynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Aşgabat şäher agrosenagat orta hünär mekdebiniň talyplary Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde gurnalan «Türkmenistan – Bitaraplyk ýoly bilen» atly sergini gördüler.

Sergi hormatly Prezidentimiziň parasatly sözleri bilen başlap, fotosuratlar bilen dowam edýär. Şeýle hem sergide hormatly Prezidentimize sowgat berlen ajaýyp zergärçilik sungat eserleri görkezilýär. Türkmen ussalarynyň elinden çykan zergärçilik eserleri many-mazmuny boýunça serginiň mazmunyny açyp görkezmäge ýardam berdi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan çykan kitaplar, ýurdumyzyň Bitaraplygyny, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni wasp edýän gymmatlyklar, çeper elli halyçylaryň döreden ajaýyp şekilli halylary we haly önümleri ýerleşdirildi. Gymmatlyklaryň arasynda taryhy geçmişimizden habar berýän tapyndylar hem serginiň özenini düzdi.

Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan ähli işleriň gözbaşynda döwlet Baştutanymyzyň ýadawsyz zähmetini, taýsyz tagallalaryny, öz halkyna, onuň şöhratly taryhyna bolan beýik söýgüsini, halkymyzyň şu güni we geljegi barada düýpli aladalaryny duýýarys diýip, bu ýere gelen talyplar bellediler.

Gadyr-gymmaty, ähmiýeti, özboluşly aýratynlygy bilen juda tapawutlanýandygy üçin halkymyz şeýle gymmatlyklary mukaddeslik derejesine göterýär, baýram edip, toý toýlaýar. 2020-nji ýyl ýurdumyzda Halkara Bitaraplyk güni toý-dabara bilen uludan bellenilýär. Bu biziň halkymyz, döwletimiz üçin Bitaraplygyň bahasyna ýetip bolmajak mukaddes gymmatlykdygyny görkezýär.

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Aşgabat şäher agrosenagat orta hünär mekdebiniň mugallymlary hem-de talyplary sergini uly gyzyklanma bilen synladylar.