«Türkmenistanyň milli gymmatlyklary»


«Türkmenistanyň milli gymmatlyklary»



Golaýda Aşgabat şäherindäki 80-nji orta mekdepde «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýyly hem-de Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli çäre geçirildi. Şol çäräniň çäginde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Tebigat we ülkäni öwreniş bölümi tarapyndan «Türkmenistanyň milli gymmatlyklary» atly sergi gurnaldy. Bu sergide türkmen halkynyň gadymy egin-eşikleri, haly önümleri we öý esbaplary giňişleýin sergilenip görkezildi. Şeýle-de gelin-gyzlarymyzyň ussatlyk bilen dokan «Ahalteke aty» atly ajaýyp el halysy sergä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.