«Nowruz – täze günüň telwasy»


«Nowruz – täze günüň telwasy»



Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. Diýarymyzda Halkara Nowruz baýramy uly şatlyk, şowhun bilen bellenilýär. Halkara Nowruz baýramy – milli Bahar baýramy bolmak bilen abadançylygy, eşretli ýaşaýşy, bagtyýarlygy, sahylygy, berekedi aňladýar. Bu baýramçylyk halkymyzyň arasynda parahatçylygy berkidip, milli däp-dessurlarymyzy dünýä ýaýan baýramdyr.
Nowruz baýramy ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş assambleýasy tarapyndan döwletleriň arasynda parahatçylykly gatnaşyklary pugtalandyrýan, halklaryň taryhy-medeni däplerini wagyz edýän baýramçylyk hökmünde halkara derejesine eýe boldy.
Nowruz – täze gün, Nowruz - tebigatyň täzeden jana gelmegine, bol-bereket eçilmegine badalga berýän ajaýyp sene. Baýramçylyk güni adamlar biri-birine gowudan gowy arzuwlary edýärler. Biri-birlerine süýji-süýji tagamlary hödür-kerem edýärler. Giňden ýazylan toý saçaklary dürli tagamlar bilen bezelip esasan, däneli ösümliklerden «nowruz köje», «nowruz ýarma», çörek, semeni, petir, pişme, dograma, gatlama, palaw ýaly milli tagamlar taýýarlanylýar.
Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda Halkara Nowruz baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Nowruz – täze günüň telwasy» atly sergi gurnaldy. Sergide muzeýiň gaznasynda goralyp saklanylýan tebigatyň gözelligini özünde jemleýän ussat suratkeşlerimiziň eserleri, türkmen zenan şaý-sepleri we sünnälenip edilen el işleri, häzirki döwürde döredilen zergärçilik eserleriniň birnäçesi görkezilýär. Serginiň dowamynda ussat nakgaşlarymyzyň sergilenen nakgaş eserlerinde ýurdumyzyň gözel ýerleri, ajaýyp ösümliklerdir gülleri şekillendirilýär. Mundan başga-da halkymyzyň öý hojalygynda ulanan esbaplary, türkmeniň ak öýüni bezeýän haly önümleri, Nowruz baýramynda taýýarlanylýan milli tagamlar hem sergilenýär. Sergide muzeýiň sowgatlyklar gaznasynda goralyp saklanylýan ýurdumyzyň gözel tebigatyny, ýaşyl reňke bürenip duran ýaýlasyny, owadan ösümliklerini, haýwanat dünýäsini janlandyrýan haly pannolar görnükli orun tutýar.