Polşa Respublikasynyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy Ioanna Galeçkanyň „Türkmenistan polşaly suratkeşiň gözi bilen“ atly sergisi.


Polşa Respublikasynyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy Ioanna Galeçkanyň „Türkmenistan polşaly suratkeşiň gözi bilen“ atly sergisi.



Berkarar Döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda» iki halkyň arasyndaky dostluk-doganlyk ýörelgelerinde hem barha öňe gidişlikler gazanylýar. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde 2023-nji ýylyň 3-5-nji awgust aralygynda Polşa Respublikasynyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy Ioanna Galeçkanyň döredijilik sergisini synlamak bolýar. Asuda durmuşda ýaşaýan türkmen halkymyzyň durmuşyny milli gymmatlyklaryny şeýle hem däp-dessurlaryny öz eserlerinde ussatlyk bilen beýan eden Ioanna Galeçkanyň döredijilik sergisi dürli reňk öwüşginleriň özara baglanyşygy bilen tapawutlanýar. Dabara ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylary, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, döredijilik işgärleri, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary gatnaşyp uly gyzyklanma galandygyny aýtdylar. Medeniýetimiz, sungatymyz parahatçylygyň buşlukçysy bolup dünýä ýaň salýar. Sungatymyzyň Hak Howandary Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Serdarmyzyň janlary sag bolsun! Umumy adamzat bähbidine gönükdürilen dünýä nusgalyk işleri rowaçlyklara beslensin!