Türkmen suratkeşleri Jumadurdy Bekdurdyýewiň we Robert Häkimowyň 80 ýyllygyna bagyşlanan ýatlama sergi
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly Şekillendiriş sungaty muzeýinde dürli baýramçylyk çäreleri bilen bir hatarda, baýramçylyk we sungat işgärleriniň şahsy sergileri, medeni çäreler yzygiderli geçirilip, türkmeniň taryhy sungat ussatlarynyň döredijilikleriniň üsti bilen halk köpçüligine ýetirilýär. “Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda, Garaşsyzlygyň şanly 30 ýyllygynyň toý dabarasyna taýýarlyk görülýän şu günki günlerde Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde ýene-de bir medeni çäre – türkmen suratkeşleriniň döredijilik sergisi açyldy. Türkmen taryhyny, milliligini, ajaýyp tebigatyny kendire geçirip, taryhda galdyrmakda uly işler bitiren nakgaşlar Jumadurdy Bekdurdyýewiň, Robert Häkimowyň 80 ýyllygyna bagyşlanan döredijilik sergisi olaryň şekillendiriş sungaty muzeýiniň gaznasyndaky işlerinden düzüldi.
Geçen asyryň 60-njy ýyllarynyň ortalarynda türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebini tamamlan Jumadurdy Bekdurdyýewiň, Robert Häkimowyň sungatdaky hakyky zähmet ýollary başlanýar. Olar öz eserleri bilen ýurdumyzda we daşary ýurt sergilerine gatnaşyp başlaýar. Bu ussatlaryň döreden eserleri – sungata beslenen ömür ýollaryndaky irginsiz gözlegleri, ýadawsyz zähmedi kendiriň ýüzündäki taryha öwrülip dur. Ýurdumyzyň Arçman şypahanasynyň çeper-bezeg işlerini üstünlikli ýerine ýetiren Jumadurdy Bekdurdyýew, “Dana Babanyň ertekileri”, “Garjagaz” atly telegepleşikleriň hem suratkeşi bolup çykyş edýär. Onuň bu sergide ýerleşdirilen eserleri gysga ömründe döreden sungat dünýäsiniň bir bölejigidir.Suratkeşiň “Ajaýyp gün”atly 1988-nji ýylda ýerine ýetiren eserinde tomus paslynda ýaşyl öwsüp oturan baglaryň saýasynda dynç alyp kitap okaýan we sport bilen meşgullanyp wagtlaryny joşgunly geçirýän ruhubelent ýaşlary suratlandyrypdyr eserde ýaşyl başly baglar ýaşlygyň we ýaşaýşyň gözelligi hökümünde tomaşaçyda ajaýyp täsirini galdyrýar.
Türkmen nakgaşy Robert Sergeýewiç Häkimow “Aşgabat güýzi”, “Güne tarap”, “Çeşmäniň owazy”, “Balykçynyň maşgalasy”, “Guşguly çopanlar”, “Howluda bahar”, “Ýigitler”, “Tomus”, atly nakgaş we “Kaspiniň balykçylary” “Kaspiniň baýlyklary” “Nusaý” atly eserlerinde türkmen topragynyň iş pursatlaryny, tebigatyny dürli ýagdaýlarda, dürli döwürlerde suratlandyryp, eserleri bilen öz adyny türkmen taryhyna ýazan suratkeşleriň biridir.Suratkeşiň 1989-nji ýylda ýerine ýetiren ilkinji türkmen suratkeşi Bäşim Nurala bagyşlap çeken eserinde halypanyň eli çotgaly dürli reňkleri öňünde goýup eser çekmäge oturan pursadyny suratlandyrýar.Eserde Bäşim Nuralynyň arka tarapynda duran öz eli bilen döreden dürli saz gurallary we nakgaş eserleri görkezilip onuň döredijiliginiň geljekgi nesillere sungatyň ajaýyp gözelligi bolup galjakdygynyň aýdyň nyşany hökümünde her bir sungaty söýüji muşdakda uly täsirini galdyrýar.
Suratkeşleriň döreden nakgaş eserleri türkmen nakgaşçylyk sungatynyň iň gowy, häsiýetli işleri bolup durýar. Bu eserlerde biz olaryň hakyky söýgi duýgulary bilen ýazylan aýratynlygyny, özboluşlylygyny ýakyndan görüp bilýäris. Türkmenistanyň şekillendiriş sungatynyň ösüşine ägirt uly goşant goşan ussat suratkeşler öz eserlerinde kalbynyň ýylysyny goýup gitdiler. Olaryň döredijiligi geljekde biziň owadan, tebigatly güneşli Türkmenistanymyz baradaky lezzetli duýgulary tomaşaça peşgeş berer.
Türkmen sungatynda öçmejek yz goýan şeýle halypa ussatlarymyzy ýatlamaga we olaryň ajaýyp sergilerini gurnamaga döredýän uly mümkinçilikleri üçin Hormatly Prezidentimize sag bolsun aýdýarys! Gahryman Arkadagymyzyň jany sag işleri rowaç bolsun!