«Milli mirasyň guwanjy»
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň işgärleri muzeýiň hemişelik sergi bölümlerinde görkezilýän dürli gymmatlyklary wagyz etmek bilen çäklenmän, dürli temalar boýunça Aşgabat şäherindäki çagalar baglarynda, orta we ýokary okuw mekdeplerinde yzygiderli göçme sergiler gurnaýarlar hem-de sapaklar geçirýärler.
2020-nji ýylyň 8-nji iýunyndan 12-nji iýunyna çenli Döwlet muzeýiniň Bitaraplyk şahamçasynyň ylmy işgärleri Türkmenistanyň dokma ministrliginiň Aşgabat dokma toplumynda «Milli mirasyň guwanjy» atly muzeý gymmatlyklaryndan ybarat bolan sergi gurnaýarlar.
Sergide Döwlet muzeýiniň maddy medeniýet gaznasynda saklanylýan birnäçe gymmatlyklar, ýagny horjunlar, çuwallar, halyçalar, milli egin-eşikler we çaga eşikleri, türkmen halkynyň geçmişde hojalygyny dolandyrmakda ulanan hojalyk esbaplary, hem-de biziň ýurdumyzda duş gelýän guşlaryň dürli görnüşleriniň gäpleri hem-de haýwanat dünýäsine degişli fotosuratlar görkezildi. Sergide Döwlet muzeýiniň ylmy işgärleri ýaş nesillere türkmen halkynyň taryhy, milli däp-dessurlary, edim-gylymlary, tebigy gymmatlyklary barada muzeý gymmatlyklarynyň üsti bilen gyzykly gürrüňler berdiler. Ýaş nesiller hem öz gezeginde okamaga, döretmäge, türkmen halkynyň bäş müňýyllyk taryhyny, milli mirasyny, tebigatyny öwrenmäge döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize çäksiz sag bolsun aýtdylar.