Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Aşgabatda türkmen suratkeşleriniň sergisi geçirildi
Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirliginiň we şekillendiriş sungatynyň sergiler zalynda türkmen suratkeşleriniň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli döredijilik işleriniň sergisi geçirildi. Türkmen suratkeşleri bu baýramy sungatda gazanan täze üstünlikleri bilen garşy aldylar. Sergä jemi 80-e golaý iş hödürlenipdir, olaryň arasynda surat eserleri, grafika, gobelen we keramika bar.
Sergi Gahryman Goçmyradowyň «Sen kim?» atly döredijilik işi bilen başlanýar. Magtymguly Pyragynyň goşgusynyň ady bu suratyň ýordumynyň esasy bolup durýar. Suratkeş çeken suratynda köp zady birleşdiripdir.
Bezirgen Gurbannurowyň «Duralga» atly suraty awtobusa ýeke özi garaşyp duran bir gyzyň ýagdaýynyň takyk şekillendirilendigi bilen ünsi özüne çekýär.
Polat Garryýewiň «Ene» atly işi – diýseň täsirli surat. Portretden köp zady başyndan geçiren garry ene seredip dur. Onuň ownukly-irili ýygyrtdyr gasynlar bilen örtülen ýüzünde başdan geçiren şatlykly günleri, parasatly gözlerinde bolsa yz galdyran wakalar görünýär.
Saparmämmet Meredow sergide birnäçe surat eserleri görkezildi. Onuň üýtgeşik surat çekiş usuly bar – dury däl ýerlik, ýüzleri pikirli, özleri aýdyň görünmeýän adamlar. Bir gojanyň psihologik ýagdaýyny suratlandyrýan «Bu günem geçdi» suraty halypa suratkeşiň iň täsirli işleriniň biridir.
Grafik işlerden «Kalbymda» atly liriki iş aýratyn ünsi çekýär. Hurma Jumamyradowa gözüň we ýaňagy meňli gyzyň keşbini utgaşdyrypdyr. Gözden akýan ýaş ybadatdaky ýigidiň aýasyna dökülýär. Elbetde, tomaşaçy bu suratda gürrüňiň Meňli bilen Magtymguly baradadygyna düşünýär. Ýöne Hurma Jumamyradowanyň aýra düşen aşyk-magşugyň duýgularyny ajaýyp suratda beýan edip bilendigini bellemelidiris.
Orazgeldi Öwezow hem sergä köp surat getiripdir. Ol bu ýere gelenleri «Güller», «Güller we almalar», «Almaly natýurmort» ýaly gülli natýurmortlar, şeýle hem «Ak daglar» peýzažy bilen geň galdyrdy. Orazgeldiniň çeken suratlarynyň hemmesi-de öwüşginli, gujurdan doýgun, post-impressionizm usulynda çekilen.
Aleksandr Kinýakiniň «Bagşy» atly suraty grafika, şygar we surat žanrlarynyň utgaşmasy bilen döredilipdir. Biziň öňümizde aýdym aýdýan aýal bagşynyň şatlykly ýüzi, arkarakda bolsa onuň sungatyny söýýän we gadyryny bilýän obadyr şäherleriň sudury şekili bar. Eser ýerine ýetirilişiň özboluşlylygy we aýal bagşynyň edil janly ýaly, aýdym aýdyp duran ýüzi bilen özüne çekýär.