Ýatlama sergisi


Ýatlama sergisi



Türkmen halkymyzyň baý medeniýeti we sungaty özboluşly milliligi we ajaýyplygy bilen her ynsanyň kalbynda ruhy gözelligi döredip bilýär. Sungat adamsy hemişe gözlegde bolmak bilen owadan eserleriň döremegine giň mümkinçilik alýar, her bir döreýän eserlerde bolsa biri birinden owadan gözellikler, taryhy wakalar,gadymy dessanlar,rowaýatlar umuman suratkeşiň öz oýlanmasy esasynda ýerine ýetirlen şekiller, tebigatyň ajaýyplygy sungaty söýüji muşdaklarda uly gyzyklanma döredýär. Bu eserleri halypa suratkeşler biziň ajaýyp döwrümize miras goýup, ýurdumyzda hereket edýän muzeýleriň gaznasynda goralyp saklanylýar we halk köpçüligine ýetirilýär. Şeýle ussatlaryň biri hem, Türkmenistanyň halk suratkeşi Aman Amangeldiýewdir. Ol 1930-njy ýylda Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň Güwlem obasynda dünýä inýär.

Golaýda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň halk suratkeşi Aman Amangeldiýewiň ýatlama sergisi gurnaldy.

Aman Amangeldiýewiň döredijiliginde taryhy eserler aýratyn orna mynasypdyr. Halypa suratkeş taryhy eserleri döretmekde uly ussatlyga eýe bolýar. Bu temalara degişli beýik seljuk soltanlaryna bagyşlanan «Togrulbeg», «Alp-Arslan», «Mälik Şa», «Soltan Sanjar» şeýle-de «Massaget Şazadasy», «Türkmen amazonkalary» diýen ajaýyp eserleri döredýär. Suratkeş her bir döretjek eserlerini taryhy ýazgylara, esaslanyp ýerine ýetirýär.

Aman Amangeldiýewiň eserleriniň içinde birnäçe Watan gahrymanlarynyň şeýle hem sungatda, medeniýetde yz goýan ägirtleriň keşplerini örän ussatlyk bilen ýerine ýetiripdir. Türkmenistanyň halk suratkeşi Aman Amangeldiýew öz döredijiliginiň has uly üstünliklere beslenmegi üçin 1980-2000-nji ýyllar aralygynda Beýik türkmen şahsyýetleriniň keşplerini döredýär. Olardan «Nyzamy al Mülkiň portreti» «Nusaý perişdeleri» atly eserleri has gadymy wakalara bagyşlanyp döredilýär.

Aman Amangeldiýewiň esasy ajaýyp eserleriniň biri hem «Parfiýada Rim serkerdesi Krassyň goşununyň derbi-dagyn edilmegi» atly eseridir. Suratkeş bu eseri döretmek üçin birnäçe gözlegleriň üstünde işleýär. Suratkeşiň döredip bize miras goýan nusgawy eserleriniň sergisi hem bu gün Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde gurnaldy. Sergide Aman Amangeldiýewiň ussatlygyny açyp görkezýän eserleri tomaşaçylarda uly gyzyklanma döretdi.