Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Hasyl toýy mynasybetli dabara geçirildi


Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Hasyl toýy mynasybetli dabara geçirildi



Türkmenistanda her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde giňden bellenilýän Ha¬syl to¬ýy mynasybetli Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi bilen bilelikde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň gatnaşmaklarynda tegelek stoluň başynda geçiriljek söhbetdeşlik we aýdym-sazly dabara geçirildi.

Dabarada Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hünärmenleri hem-de Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň halypa we ýaş mugallymlary, talyplary ýur¬du¬my¬zyň eder¬men oba zäh¬met¬keş¬le¬ri ga¬za¬nan üstünlikleri dogrusynda çykyş etdiler.

Dabaranyň dowamynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň aýdym-saz topary çykyş etdi.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda oba hojalygy pudagynda oňyn özgertmeler durmuşa geçirilýär. Şol özgertmeler maksatnamasynyň netijesinde oba hojalygynda üstünlikler gazanylýar, ýerden bol hasyl alynýar. Daýhanlaryň zähmetiniň netijelerini jemläp, türkmen topragynyň hasyllylygyny, saçaklarymyzyň berekedini alamatlandyrýan Hasyl toýy her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde giňden bellenip geçilýär. Oba zähmetkeşleriniň gazanýan üstünliklerini alamatlandyrýan Hasyl toýunda edermen daýhanlarymyzyň maňlaý derini döküp, irginsizlik bilen yhlasly çeken zähmetleriniň miweleri göz öňüňe gelýär.