«Parla ýaşyl baýdagym»


«Parla ýaşyl baýdagym»



Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan Watanymyz uly ösüşler bilen, bedew bady bilen öňe barýar. Toýlary goşa-goşadan gelýän eziz Watanymyzda «Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany» ýylynda halkymyzyň ynsanperwerlik, adalatlyk, agzybirlik, ýörelgelerini özüne siňdiren Konstitusiýamyzyň we Ýaşyl Tugumyzyň gününiň bilelikde toýlanmagynyň çuňňur manysy bar. Dünýäde belentde pasyrdaýan Döwlet baýdagymyz, eziz Watanymyzyň özbaşdaklyk ýoly bilen ösýändigini äleme jar edýär. Şu günler güneşli ajaýyp Watanymyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni uly şatlyk bilen giňden bellenilýär. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde hem bu ajaýyp baýramçylyk mynasybetli «Parla ýaşyl baýdagym» atly sergi gurnaldy. Sergide ýurdumyzyň ussat suratkeşleriniň, amaly-haşam ussatlarynyň ýerine ýetiren birnäçe sungat gözellikleri bolup, olaryň her biri sergä gatnaşýanlara uly täsirini ýetirer. Bu gözellikleri döreden ussatlarymyzdan Saparmämmet Meredow, Tamara Kiselýowa, Rahman Umarow, Hezret Rejepow, Inga Pawloskaýa ýaly halypa suratkeşleriň eserleri sergä aýratyn gözellik berýär.
Eserleriň arasynda özboluşly gözelligi bilen ýagty reňkler bilen ýerine ýetirilen ussat suratkeş Rahman Umarowyň «Erkana» atly eseri tomaşaçyda sungata, tebigata, umuman ajaýyplyga bolan garaýşyny has-da giňeldip ruhy lezzet paýlaýar. Eserde iki sany uçup barýan ak guwlaryň keşbi bolup olaryň ganat ýaýyşyny görüp her bir adamyň kalbynda asudalyga erkinligi bolan garaýşy giňeýär, olaryň ikisi hem päk arzuwdan mysal bolup söýgüniň görküni ýatladýan eserde uçup barýan guwlar, dury deňziň suwuny ýel kimin syryp erkana uçup barýan ýagty we ýaşyl reňkde baglaryň suwa düşýän sudury has hem göwnüňi göterýär. Bu sergide Garaşsyzlyk ýyllarynda sungatdaky ösüşleri özünde jemleýän gözellikler, her bir sungaty söýüji muşdaklara uly täsir ýetirer diýip umyt edýäris.