Bereketli desterhan


Bereketli desterhan



Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe toýly Watanymyzda medeniýet we sungat ulgamynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan ähmiýetli işleri netijesinde uly ösüşler gazanylýar. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde geçirilýän «Bereketli desterhan» atly sergide Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy Ýagmyr Öräýewiň şahsy ýygyndysyndan sergilenen bereketli türkmen topragynyň waspy ýetirilen eserleri synlap bolýar. Sergide Öwezmuhammet Mämmetnurowyň, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgärleri Saparmämmet Meredowyň, Tamara Kiselýowanyň döredijilik eserlerde türkmen topragymyzyň näz-nygmatlary, ajaýyp tebigaty ähli gözellikleri bilen jemlenen. Sergä gatnaşanlar şeýle ajaýyp sergileri gurnamaga döredip berýän mümkinçiliklerine Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny aýtýarlar!