«Watan mukaddesligi» muzeýinde


«Watan mukaddesligi» muzeýinde



Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, «Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany» ýylynda ýurdymyzda sanly ulgamy ornaşdyrmak işleri üstünlikli alnyp barylýar. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň «Watan mukaddesligi» muzeýinde hem bu işleri döwrebap ýola goýmak maksady bilen dürli dillerde muzeýiň ekskursiýasyny beýan edýän Audio gid hyzmaty ornaşdyryldy. Muzeýde ornaşdyrylan ýörite ekskursiýa berýän «Guide player» enjamy arkaly türkmen, rus, iňlis, hindi dillerinde gelýän raýatlarymyza we daşary ýurtly myhmanlara elektron ekskursiýa bermek usuly ýola goýuldy. Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Watan mukaddesligi» muzeýine Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň talyplaryna «Guide player» enjamy arkaly düşündürişli gezelenç gurnaldy. Bu elektron enjam bilen talyplar muzeýdäki sergilenen türkmeniň dürli ýyllarda bolup geçen gahrymançylykly söweşleri we 1941-1945-nji ýyllaryň Watançylyk uruşlaryna bagyşlanan bölümleriniň gymmatlyklary bilen giňişleýin tanyşdylar. Ekskursiýanyň dowamynda talyplar tarapyndan bu häzirki zaman döwrebap muzeý binasy we onda ornaşdyrylan Audio gid enjamy talyplar üçin has täsirli bolup bu barada muzeý işgärleri bilen özlerini gyzyklandyrýan sowallara sorag jogap arkaly söhbetdeşlik guraldy. Muzeý gymmatlyklaryny giňişleýin we döwrebap usulda wagyz etmekde döredip berýän mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, tutumly işleri elmydama rowaç bolsun!