«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýörelgesi Türkmen halkynyň baky bagtyýarlygynyň çeşmesi


«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýörelgesi Türkmen halkynyň baky bagtyýarlygynyň çeşmesi

2024-nji ýyly Beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy halkara derejesinde bellenip geçilýän ýylynda şahyry hormatlap, bu ýyla «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýilmegi türkmen halkynyň ýüreginde buýsanç duýgusyny döretdi. Magtymguly Pyragy geçmişiň, şu günüň, geljegiň şahyrydyr. Şahyry hormatlap Arkadag şäheriniň Jemgyýetçilik guramasy, Arkadag şäheriniň teleýaýlymy, Arkadag şäheriniň Maliýe we ykdysadyýet müdirligi, Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi bilen bilelikde gurnamagynda Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýörelgesi Türkmen halkynyň baky bagtyýarlygynyň çeşmesi» atly tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlige gatnaşanlar özleriniň gyzykly we täsirli gürrüňleri bilen söhbetdeşligi has-da gyzyklandyrdylar. Gürrüňdeşligiň dowamynda Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhasa ýugrulan, terbiýeçilik ähmiýetli goşgulary dogrusynda, ýaşlara her bir ädimde gönezlik mekdebi bolup duran şygyrlarynyň many-mazmuny hakynda söz açyldy.

Şeýle döwre ýetiren, ajap zamany ataran Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagy Gahryman Serdarymyzyň ömürleriniň uzak, janlarynyň sag, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň rowaçlyklara ýar bolmagyny arzuw edýäris.