Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli geçirilýän „Bagt şäherim Aşgabat“ atly sergi


Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli geçirilýän „Bagt şäherim Aşgabat“ atly sergi



Garaşsyzlyk ýyllary içinde bütinleý täze keşbe giren, Garaşsyz Watanymyzyň paýtagty Aşgabat ak mermerden dörän ajaýyp çeper-binagärlik eseri hökmünde halkymyzyň, onuň dürli zamanalarda berkarar eden kuwwatly döwletleriniň häzirki zaman beýanydyr. Aşgabadyň taryhy iň agyr synaglara döz gelen gadymy halkyň müňýyllyklara uzaýan, şöhratly wakalara baý bolan geçmişini özünde jemleýär Ak şäherimiz Aşgabadyň güni mynasybetli Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýinde „Bagt şäherim Aşgabat“ atly sergi gurnalyp tomaşaçylara hödürlendi.
Sergide halypa suratkeşler Ýakup Annanurowyň, Gennadiý Babikowyň, Saparmämmet Meredowyň, Tamara Kiselýowanyň, Ýewgeniý Grişiniň, Merdan Kakabaýewiň eserleri bilen bilelikde sungatyň döredijilik ýoluna ýaňy gadam basan suratkeşleriň eserleri hem ýerleşdirildi. Göwrümleri dürli-dürli bolan bu eserleriň ählisiniň mazmunynda gözel paýtagtymyz, ak binalar bilen jäheklenen köçeler, belent ýaşaýyş medeni, sport, lukmançylyk maksatly desgalary, köp öwüşginli çemenzarlyklary hem-de gülzarlyklary, seýilgähleri, suw çüwdürimleri, giň şaýollary, heýkeltaraşlyk we ýadygärlik, ýaşaýyş jaý toplumlary, beýleki täsin binalary öz beýanyny tapýar. Sergini synlan her bir tomaşaçy gözel paýtagtymyzyň keşbini, ýaşaýyş durmuşyny reňklerde synlap bilerler.
Binagärçiligiň belent senasy bolan gözel Aşgabadyň ümzügi öňe, asmany arassa bolsun!