Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda geçirilen göçme sergi


Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda geçirilen göçme sergi



Garaşsyz hemişelik Bitarap ýurdumyz “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda Garaşsyzlygyň 31 ýyllyk şanly baýramçylyk toýuny toýlaýar. Ýurdumyzda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde sport diplomatiýasynyň mümkinçiliklerini giňden ulanylýar. Watanymyzyň türkmen sportuny täze belentliklere çykarmaga hyzmat etjek ýokary derejeli, ussat hünärmenleriň taýýarlanmagyna hem-de dürli ugurlar boýunça milli halypalyk mekdebini ösdürmek üçin şertler döredilýär. Türkmenistanly talyp türgenler şu günler Türkiýe Respublikasynyň Samsun şäherinde geçirilýän sportuň söweş görnüşleri boýunça talyplaryň Dünýä kubogyna (FISU) gatnaşyp birnäçe baýrakly orunlara mynasyp boldular. Şu mynasybetli Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gymmatlyklaryndan düzülen sergi gurnaldy. Sergide halypa suratkeşleriň we ýaş suratkeşleriň eserleri sergilendi. Dabara gatnaşanlar Türkmenistanda köpçülikleýin bedenterbiýäni we ýokary netijeler sportuny ösdürmek baradaky aladalary üçin hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyzyň adyna tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler.