Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, suratkeş Atajan Aşyrowyň şahsy sergisi gurnaldy


Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, suratkeş Atajan Aşyrowyň şahsy sergisi gurnaldy



«Türkmenistan–Bitaraplygyň mekany» ýyly mynasybetli Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, ýaşuly suratkeş Atajan Aşyrowyň döreden eserlerinden sergi gurnaldy. Sergide suratkeşiň dürli ýyllarda döreden degişme äheňli eserlerinden hem-de tebigy kädilere şekil berlip, nagyşlanyp bezelen görnüşleri görkezilýär. Ol soňky ýyllarda tebigy kädileri özi ýetişdirip olardan adamlaryň, guşlaryň, balyklaryň şekillerini ýasaýar. Zehinli suratkeş bu şekillerden hekaýalar hem ýazýar.

Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, suratkeş Atajan Aşyrow Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynda 1940-njy ýylda eneden dogulýar. Ol 1958-nji ýylda Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebini tamamlaýar. Soňra ol okuwyny Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde dowam edip, rus dili we edebiýaty bölümini 1977-nji ýylda tamamlaýar. Ussat suratkeş indi 50 ýyldan gowrak wagt bäri Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Miras ” teleýaýlymynda suratkeş bolup işleýär.

Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Atajan Aşyrow birnäçe ýyl bäri Türkmenistanyň dürli künjeginde we daşary ýurtlarda geçirilýän sergilere gatnaşýar. 1977-nji ýyllarda Bolgariýada geçirilen sergide diplom bilen we ýadygärlik medal bilen sylaglanýar. Şol ýyl Russiýa Federasiýasynda çap edilýän «Krokodil» žurnalynyň baýragyny alýar. 1975-nji ýylda dünýä ýurtlarynyň on altysynyň suratkeşleriniň gatnaşmagynda geçirilen sergide üçünji orna mynasyp bolýar.

2012-nji ýylda Atajan Aşyrowa Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri diýip hormatly at dakyldy.

Häzirki wagtda diýarymyzda çap edilýän gazet-žurnallarda ol degişme äheňli suratlary bilen yzygiderli çykyş edýär. Halkyň durmuşyndan eserleri döredip, adamlara şatlyk paýlaýan zehinli suratkeş Atajan Aşyrowa berk jan-saglygyny döredijiliginde uly üstünlikleri arzuw edýäris!