Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Ruhyýet köşgünde gurnalan amaly-haşam sungatynyň we muzeý gymmatlyklarynyň sergisi


Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Ruhyýet köşgünde gurnalan amaly-haşam sungatynyň we muzeý gymmatlyklarynyň sergisi



Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň çäklerinde Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Ruhyýet köşgünde amaly-haşam sungatynyň we muzeý gymmatlyklarynyň sergisi gurnaldy.
Sergide Türkmenistanyň Döwlet muzeýiniň, Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýiniň gaznasynda saklanýan muzeý gymmatlyklary, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň we ýörite çeperçilik mekdebiniň halypa mugallymlarynyň we talyplarynyň döreden şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserleri halk köpçüligine ýetirildi. Serginiň mazmunyny türkmen gelin-gyzlarynyň el hünäri bolan milli egin-eşikler toplumy, kürte, çyrpy, çabytlar, tahýalar, haly we haly önümleri we zergärçilik önümleri düzdi.
Şeýlede serginiň dowamlylygy amaly-haşam sungaty eserleri bilen bilelikde şekillendiriş sungatynyň görnüşleri bilen hem görkezildi. Sergide halypa we ýaş suratkeşleriň ajaýyp ýurdumyzy, milli-gymmatlyklarymyzy, Watanymyzyň toý-baýramlaryny, milli däp-dessurlarymyzy wasp edýän nakgaş eserleri daşary ýurtly myhmanlary has-da gyzyklandyrdy. Bu gurnalan serginiň esasy aýratynlygy hem serginiň özünde gelin-gyzlarymyzyň haly dokamagy, keşde çekmegi, keçe etmek, tara dokamak, ik egirmek we başgada on barmagynyň hünärini görkezmegi sergä has-da millilik ruhuny çaýdy. Türkmen gelin-gyzlarynyň sünnäläp döredýän el-işleriniň nepisliginiň öz gözbaşyny gadymýetiň çuňlugyndan alyp gaýtmak bilen türkmeniň ýaşaýyş durmuşy aýrylmaz baglanyşykly bolup göreni haýrana goýýar.