Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Azat Annaýewiň döredijilik sergisi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmekde uly işler alnyp barylýar. Öz gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýan türkmen sungaty, bu günki günde hem ösüş ýoluny belentden belende göterip, kämilleşmegini dowam etdirip gelýär. Şekillendiriş sungaty milletiň ruhy-ahlak, halkyň ruhy medeniýet mirasynyň hazynasydyr. Şol hazynanyň taryhdaky tutýan ornuny kesgitlemekde, sungatyň gözellik kanunlarynyň üsti bilen adamzadyň dünýägaraýşyny giňeltmekde, aň-düşünjelerini oýarmakda sungaty öwrenijileriň örän uly ähmiýeti bardyr. Olaryň arasynda uly hormata eýe bolan Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda zähmet çekýän halypa mugallym, sungaty öwreniji Azat Annaýewdir.
Halypa-şägirtlik ýolunda Azat Annaýew döredijilik älemine uly goşant goşup, ýaş sungaty öwrenijileri ýetişdirýär. Ol diňe bir ýaş sungaty öwrenijileriň mugallymy bolman, eýsem şekillendiriş we amaly haşam sungatynyň zehinli ussatlarynyň hem döredijilik işleri boýunça ýakyn maslahatçy mugallymdyr. Halypanyň peýzaž eserleri impressionizm äheňde görkezilýär. “Çendiriň ýoly”, “Ýaz geldi”, “Gijeki daglar”, “Dagdaky güneş” atly eserlerinde dürli reňk öwüşginleriň üsti bilen tebigatymyzyň gözelligi, owadanlygy, täsinligi wasp edilýär we pursatlaýyn hadysalaryň asyl, üýtgewsiz görnüşleri görkezilýär. Eserleriň arasynda deňiz peýzažlary aýratyn orun eýeleýärler. Deňiz peýzažlarda suratkeşiň liriki pikirleri, duýgulary ussatlyk bilen şöhlelenýär. Onuň “Dagdaky köl”, “Bulutly howa”, “Ýagyş, güneş, deňiz” eserlerinde ýagtylyk bitewi äheňde ýugrulyp, eseriň labzyny döredýär.
Azat Annaýew sungaty öwreniji, mugallym, hem suratkeş hökmünde edýän her bir işinde, döredijilik eserinde sungata bolan täsirli duýgularyny açyp görkezýär we sungaty söýüjilerde uly täsirini ýetirýär.