«Garaşsyz Diýaryň gül-gunçalary»


«Garaşsyz Diýaryň gül-gunçalary»



Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, „Halkyň Arkadagly zamanasy“ ýylynda Çagalary goramagyň Halkara güni mynasybetli Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gaznasyndaky eserlerden „Garaşsyz Diýaryň gül-gunçalary“ atly baýramçylyk sergisi gurnaldy. Sergide halypalar, Türkmenistanyň halk suratkeşleri Annadurdy Almammedowyň „Ýer şaryny çagalara bermeli“, Durdy Baýramowyň „Gyzymyň portreti“, Ýewgeniýa Adamowanyň „Bagtly ene“, Şamuhammet Akmuhammedowyň „Meniň maşgalam“, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgärleri Şyhdurdy Oradowyň „Meniň gyzym“, Nikolaý Çerwýakowyň „Bagyryň çagalary“, suratkeşler Hoşgeldi Şahberdiýewiň „Erik ýygymy“, Bazar Gurbangeldiýewiň „Toý“ atly, nakgaş Agameret Garaýewiň „Pälwan“, Çaryýar Durdyýewiň „Kepderili gyzjagaz“, Artur Abramowyň „Enelik“, Mihail Nowikowyň „Parahatçylyk“ diýen eserleri çaga dünýäsine bagyşlanan bolup, onda olaryň arassa çaga dünýäsi, ylma-bilime bolan höwesleri barada gürrüň edilýär.
Şeýlle hem ýurdumyzyň sungat mekdepleriniň okuwçylarynyň dürli döwürlerde ýerine ýetirip muzeý gaznasynda saklanýan gözel tebigatymyzy, dürli baýramçylyklary, gündelik durmuşda bolup geçýän wakalary şöhlelendirýän eserleri sergilendi. Ilkinji gezek ellerine galam, çotga almagyň tärlerini öwrenen körpeler sungat äleminiň syrly dünýäsine höwes bilen aralaşyp, onuň her bir tilsimlerini ele almakda erjellik görkezýärler. Körpeleriň geljekde ussatlyga ýetirjek eserleriniň gözbaşy boljak çaga durmuşynyň dürli taraplaryny açyp görkezýän nakgaş we grafika eserlerinde olaryň içki dünýäsi öz beýanyny tapýar.
Sergide Aşgabat şäher müdirliginiň Bäşim Nuraly adyndaky 1-nji çagalar çeperçilik mekdebiniň hem-de 2-nji çagalar çeperçilik mekdebiniň körpeleriniň özara surat bäsleşigi geçirildi we 1-nji, 2-nji we 3-nji orunlara mynasyp bolan okuwçylara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň we Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan baýraklar we höweslendiriji sowgatlar gowşuryldy.
Türkmen halkynyň körpe nesliniň ähli wekillerini Çagalary goramagyň Halkara gününiň baýramçylygy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys. Çagalara janlarynyň sag bolmagyny , üstünlikleri arzuw edýäris! Dünýämiz parahat, çagalar bagtyýar bolsun!