«Türkmen halysy – gözelligiň nusgasy» atly baýramçylyk duşuşygynda göçme sergi


«Türkmen halysy – gözelligiň nusgasy» atly baýramçylyk duşuşygynda göçme sergi



Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde gurnalan «Türkmen halysy – gözelligiň nusgasy» atly baýramçylyk duşuşygynyň çäklerinde Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi göçme sergi gurnady.

Sergide Ý.Annanurowyň «Baýrak gazanan», Ý.Adamowanyň «Çemen», S.Hojagulyýewanyň «Keçeçiler», Ý.Grişiniň «Güller», A.Saurowyň «Aýdym hem pagta» ýaly eserleri duşuşykda mynasyp orun aldy.