«Milli miras türkmen halkynyň genji - hazynasy» atly sergi gurnaldy


2020-nji ýylyň 27-nji fewralynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi tarapyndan Aşgabat şäherindäki 130-njy orta mekdepde «Milli miras türkmen halkynyň genji - hazynasy» atly sergi gurnaldy



Türkmenistan döwletimiz hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagy bilen, hormatly Prezidentimiziň ýadawsyz tagallalary netijesinde 2020-nji ýyl «Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany» ýyly diýlip atlandyryldy. Dünýä döwletleri bilen alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli, dost-doganlyk gatnaşyklary Bitarap Türkmenistanyň at- abraýyny has-da belende göterýär. Şu ýyl biziň Bitaraplygymyza 25 ýyl dolýar. Bu şanly baýramçylyga Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi öz mynasyp goşandyny goşup, sowgatly barýar. Hormatly Prezidentimiziň şanly Garaşsyzlygymyzyň gazananlaryny has-da berkitmek, döwletimiziň ykdysady kuwwatyny barha ýokarlandyrmak, ýurdumyzy dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşmak ugrunda alyp barýan syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin ýurdumyzda hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösen, kämil nesli kemala getirmek möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Bu wezipäniň ýerine ýetirilmegine mynasyp goşant goşmak maksady bilen, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde hem birnäçe işler alnyp barylýar.

Muzeýiň ylmy işgärleri hemişelik sergi bölümlerinde görkezilýän dürli gymmatlyklary wagyz etmek bilen çäklenmän, dürli temalar boýunça Aşgabat şäherindäki çagalar baglarynda, orta we ýokary okuw jaýlarynda yzygiderli göçme sergileri hem gurnaýarlar.

Ynha, şu gün, 2020-nji ýylyň fewral aýynyň 27-ne Döwlet muzeýiniň Medeni aň-bilim işleri bölüminiň ylmy işgärleri tarapyndan paýtagtymyz Aşgabat şäherindäki 130-njy orta mekdepde «Milli miras türkmen halkynyň genji -hazynasy» atly muzeý gymmatlyklaryndan ybarat bolan sergi gurnaldy. Sergide Döwlet muzeýiniň maddy medeniýet we tebigat gaznalarynda saklanylýan birnäçe gymmatlyklar: haly we haly önümleri, olary taýýarlamak üçin ulanylýan ýüň darak, XIX-XX asyrlara degişli keteni köýnekler, çyrpylar, düýpli gyňaçlar, böke köwüş, çaga egin - eşikleri, erkek adamynyň milli eşigi , türkmen halkynyň geçmişde hojalygyny dolandyrmakda ulanan birnäçe hojalyk esbaplary, şeýle - de biziň ýurdymyzda duş gelýän guşlaryň dürli görnüşleriniň däpleri , mineral we bezeg daşlary görkezildi. Döwlet muzeýiniň ylmy işgärleri ýaş nesillere türkmen halkynyň taryhy, onuň milli däp-dessurlary, edim-gylymlary barada muzeý gymmatlyklarynyň üsti bilen gyzykly gürrüňler berdiler. Ýaş nesiller hem öz gezeginde okamaga, döretmäge, türkmen halkynyň bäş müňýyllyk taryhyny, däp-dessuryny öwrenmäge, gözüniň göreji deýin gorap saklamaga döredip berýän mümkinçilikleri üçin mähriban Arkadagymyza çäksiz alkyşlar aýtdylar.