Alajalar — nepisligiň nusgasy


Alajalar — nepisligiň nusgasy



Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň milli gymmatlyklaryna goýulýan hormat-sarpany belende götermek, ýaş nesilleriň kalbynda ene-mamalarymyzdan miras galan el işlerine söýgi döretmek ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Milli mirasymyz bolan alaja işmek, alaja örmek eneden gyza geçip, asyrlaryň dowamynda kämilleşip gelýär. Alaja türkmen milli medeniýetiniň ähli hünärleriniň içinden eriş-argaç bolup geçýär.

Milli gymmatlyklarymyzyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş ýörelgelerinde tutýan ornuny çeper wasp etmek, alajalaryň türkmen halkynyň durmuşyndaky ornuny giňden wagyz etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen bilelikde yglan eden «Alajalar — nepisligiň nusgasy» atly döredijilik bäsleşigi, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde dabaraly ýagdaýda jemlendi. Bäsleşigiň ýeňijilerine Hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

«Alajalar — nepisligiň nusgasy» atly döredijilik bäsleşigine ýurdumyzyň ýazyjy-şahyrlary, žurnalistleri, aýdymçylary türkmen zenanlarynyň örýän alajalary hakynda iň gowy goşgulary, makalalary, hekaýalary we aýdymlary döretmek boýunça gatnaşdylar. Döredijilik bäsleşigine hödürlenen edebi eserlerde, aýdym-sazlarda türkmen halkynyň milli gymmatlyklary, el işleri, alajalar çeper wasp edildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly çuňňur paýhasly kitabynda: «Milli lybas medeniýetimizde ulanylýan döredijilikli çemeleşmeler arkaly esasy maksat esere siňdirilýär. Meselem, donlaryň gyrasyndaky jäheklik, aldymgaç ýa-da alaja ebediligiň aňladylmasydyr» diýip, parasatlylyk bilen belleýär.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 3-nji awgustynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy, Arkadagly Serdarymyzyň käbesi Ogulgerek Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine Ogulabat ejäniň elinden çykan we nepisligiň nusgasyna öwrülen alajalary hem-de olary örmek üçin niýetlenen iş guralyny sowgat berdi. Bu taryhy waka asyrlar aşyp gelýän asylly ýörelgeleriň dowamy hökmünde kalplara şatlyk eçildi. Türkmen halkynyň eli çeper zenanlarynyň, şol sanda bu ugurda özboluşly görelde mekdebini döreden Ogulabat ejäniň yhlasyndan dörän el işleri milli gymmatlyklarymyzyň naýbaşysydyr. Muzeý gymmatlyklarynyň hataryny artdyran kürtedir ýüň jorap, alajadyr iş guraly aýdylanlara şaýatlyk edýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde köküni taryhyň çuňluklaryndan alyp gaýdýan, ene-mamalarymyzdan miras galan, senetçilikden beýik sungat derejesine ýeten, milli el işlerimizi düýpli öwrenmäge, dowam etdirmäge, bütin dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikler döredilýär.

Gyz-gelinleriň toý-baýramlara geýýän köýnekleri, ýeňsizleri, donlary, gelinleriň egnine atýan gyňaçlary keşdelenenden soň, ony alajalaryň dürli görnüşleri bilen bezelýär. Tutuşlygyna keşdä we alaja bürenen milli lybaslarymyza dünýä halklary tarapyndan gaýtalanmajak, özboluşly sungat hökmünde mynasyp baha berilýär we olara bolan isleg günsaýyn artýar.

Ene-mamalarymyz milli mirasymyzyň ajaýyp gymmatlygy bolan haly dokamak, keçe basmak, keşde çekmek, örüm örmek, dürli alajalary, jähekdir aldymgaç ýüplerini taýýarlamak ýaly el işleri bilen has irki döwürlerden bäri meşgullanyp gelipdirler. Zenanlarymyz inçe el senediniň dürli usullaryny, tärlerini, tilsimlerini we milli däplerini asyrlardan-asyra, nesillerden-nesillere geçirmek bilen olary ajaýyp sungat derejesine ýetirmegi başarypdyrlar. Türkmeniň boýdan-başa egin-eşikleri, şaý-sepleri, öý-ojagynyň bezegi haly-palasdyr keçeleri, hat-da edara we ýaşaýyş binalary hem sünnälenip çekilen gadymy nagyşlaryň nusgawy görnüşlerine we alajalara beslenendir. Çünki şol nagyşlar we alajalar türkmeniň ruhy diliniň harplygydyr. Olara halkymyz öz taryhyny, Watana we onuň tebigatyna bolan söýgüsini, tutuş ruhy dünýäsini, ynanç-ygtykatlaryny, milli gymmatlyklaryny siňdiripdir.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde geçirilen dabarada çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat ejäniň abraý-mertebesiniň, görkezen göreldesiniň, maşgala ojagyna siňdiren yhlasynyň ýurdumyzyň ähli zenanlary üçin nusgalyk mekdebe öwrülendigini uly buýsanç bilen bellediler.

Bu günki dabara gatnaşyjylar milli gymmatlyklarymyzy, nepis el işlerimizi sungat derejesine ýetirmekde, onuň dünýädäki meşhurlygyny, şan-şöhratyny has-da arşa götermekde taýsyz tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman, ähli tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.