Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «El hünäri - il gezer» atly sergi geçirildi


Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «El hünäri - il gezer» atly sergi geçirildi



Hormatly Prezidentimiziň saýasynda, milli mirasymyza uly sarpa goýulýar. Bäş müň ýyllyk taryhdan gözbaş alyp gaýdýan türkmen halky ruhy we maddy baýlyklara öran baýdyr. Günsaýyn ösüşlere beslenýän ýurdumyzda müň ýyllyklaryň dowamynda döreden milli mirasyny içgin öwrenmek babatda ylmy-barlag işleri alnyp barylýar.
Türkmen zenanynyň on barmagynyň hünäri, kalbynyň nury siňen keşdeler, keşdelenen milli lybaslar amaly-haşam sungatynyň giň ýaýran, gadymy görnüşidir.
«Halkyň Arkadagly zamanasy» diýip atlandyrylan 2022-nji ýylyň 14-nji fewralynda sagat 15:00-da Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «El hünäri - il gezer» atly serginiň açylyş dabarasynda medeniýet we sungat işgärleri hem-de ýokary okuw jaýlarynyň mugallymlary çykyş etdiler.
Serginiň esasyny gadymyýetden gözbaş alyp gaýdýan gelin-gyzlarymyzyň on barmagynyň hünäri bolan keşdelenen gyzyl, ýaşyl kürteler, ýaz paslyny ýada salýan ýaşyl çyrpylar, orta ýaşly zenanlarymyza mahsus bolan sary çyrpylar, kümüş saçly enelerimizi bezän ak çyrpylar, şonuň ýalyda ýelek başatgyçlary, demirgazyk türkmen zenanlaryň başyna atynan hasaba başatgyjy, düýpli gyňaçlar, elde dokalan dürli reňkli ýüpek keteniler düzýär.
Sergide muzeýiň ýurdumyzyň gözel tebigatyny, ýaşyl reňke bürenip duran ýaýlasyny, owadan ösümliklerini, haýwanat dünýäsini janlandyrýan haly pannolar Türkmenistanyň halk suratkeşleri Yzzat Gylyjowyň «Jadyly nagyşlary», Şamuhammet Akmuhammedowyň «Halk döredijiligi», ýaş suratkeş Aýgözel Çakanowanyň «Milli mirasyň şuglasy» atly nakgaş eserleri görkezilýär.