“Bitarap ýurdum Türkmenistan”


“Bitarap ýurdum Türkmenistan”



Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň Baky Bitaraplygynyň 27 ýyllyk toýy mynasybetli “Bitarap ýurdum Türkmenistan” atly maslahat geçirildi.

Garaşsyz hemişelik ýurdumyz ylalaşygy, parahatçylygyň we halklaryň arasyndaky dostlugyň merkezine öwrüldi. Türkmenistan beýleki döwletler bilen dostluk, birek-biregi hormatlamak, birek-birege ynam etmek, özara ýardam bermek esasynda gatnaşygyny ösdürýär we köp ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk, söwda-ykdysady gatnaşyklary saklaýar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy sebitde halkara hyzmatdaşlygyň we goňşyçylyk gatnaşyklarynyň ösmegine itergi berýändigi dogrusynda bellenip geçildi.

Maslahata gatnaşan myhmanlar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, ömüriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.