Ýurdumyzyň muzeýleriniň arasynda «Şekillendiriş sungatyna degişli muzeý gymmatlyklaryny hasaba almagyň we gorap saklamagyň usulyýeti» atly wideoaragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi


Ýurdumyzyň muzeýleriniň arasynda «Şekillendiriş sungatyna degişli muzeý gymmatlyklaryny hasaba almagyň we gorap saklamagyň usulyýeti» atly wideoaragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi



Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde muzeý işiniň barha kämilleşmegi üçin ähli şertler döredilýär. Şeýle mümkinçiliklerden ugur alyp, ýurdumyzyň muzeý işgärleri muzeý işiniň barha rowaçlanmagy hem-de has kämilleşmegi üçin uly tagallalar edýärler.
Ýurdumyzyň muzeýleri tarapyndan şekillendiriş sungatyna degişli gymmatlyklary toplamak, hasaba almak we ylmy taýdan öwrenmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Muzeýleriň gaznasynyň üsti täze gymmatlyklar bilen baýlaşdyrylýar. Munuň özi halk hakydasynda ebedi galýan gadymy we häzirki döwrüň şekillendiriş eserlerine degişli gymmatlyklarymyzy dünýä ýüzünde giňden wagyz etmäge we geljekki nesillerimize ýetirmäge amatly şertleri döredýär.
2021-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagyndaky ýurdumyzyň muzeýleriniň gatnaşmagynda «Şekillendiriş sungatyna degişli muzeý gymmatlyklaryny hasaba almagyň we gorap saklamagyň usulyýeti» atly wideoaragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi.
Maslahaty Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory Meretgeldi Çaryýew alyp bardy. Ol öz çykyşynda muzeýlere gelip gowuşýan we saklanylýan şekillendiriş sungatyna degişli gymmatlyklary kabul etmegiň tertibi, olary hasaba almagyň ýöredilişi hem-de gorap saklamagyň düzgünleri barada giňişleýin durup geçdi.
Soňra ol wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän maslahatda çykyş etmek üçin muzeý işgärlerine söz berdi. Maslahatda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Şekillendiriş sungaty bölüminiň müdiriniň orunbasary Jennet Amanowa «Şekillendiriş sungaty gaznasyndaky eserleriň hasaba alnyşy we gorap saklanylyşy» atly temada, Daşoguz welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň Hasaba almak we saklamak bölüminiň ylmy işgäri Batyr Uzakberdiýew «Muzeýde şekillendiriş sungatyna degişli eserleri saklamak we sergilerde ulanmak» atly temada, Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri Ogulgerek Agajanowa «Şekillendiriş sungatyna degişli eserleri muzeý hazynasyna kabul etmegiň düzgünleri, öwrenilişi we sergilemek» atly temada, Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri Şeker Meredowa «Şekillendiriş sungaty eserleriniň saklanylyşy» atly temada, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýiniň baş gaznaçysy Mähri Atdaýewa «Muzeý işiniň guraluşy we nakgaşçylyk eserleriniň saklanyş aýratynlyklary» atly temada, «Watan mukaddesligi» muzeýiniň hünärmeni Ogulsuraý Sähedowa «Watan mukaddesligi» muzeýinde saklanylýan şekillendiriş sungaty eserleri» atly temada, Gökdepe milli muzeýiniň bölüm müdiri Tawus Annamyradowa «Taryhy wasp edilen eserleriň goralyşy» atly temada, Balkan welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri Tylla Annagulyýewa «Şekillendiriş sungatynda Magtymguly Pyragynyň keşbi» atly temada, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Şekillendiriş sungaty bölüminiň müdiriniň uly ylmy işgäri Tamara Ilhanowa «Şekillendiriş sungaty eserlerine bir görnüşdäki pasportynyň doldurylyş usuly» atly temada çykyş etdiler.
Olar öz çykyşlarynda şekillendiriş sungaty gaznasyndaky eserleriň resmi hasaba alnyşy we gorap saklanylyş düzgünleri boýunça, gymmatlyklary ylmy taýdan öwrenmek maksady bilen olara bir görnüşdäki pasportynyň doldurylyş usuly, muzeý işiniň guralyşy we nakgaşçylyk eserleriniň saklanyş aýratynlyklary, sergilerde ulanylyş düzgünleri, şekillendiriş eserleriniň toparlara bölünişi barada giňişleýin durup geçdiler. Maslahatyň dowamynda muzeý işgärleri sorag-jogap alyşmak arkaly öz tejribelerini birek-birek bilen paýlaşdylar.
Şeýle hem maslahata gatnaşanlar bu ugurda alyp barýan işleri hakynda özara pikir alşyp, ýurdumyzyň muzeýleriniň işiniň döwrebap guralmagy üçin uly mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimize alkyş aýtdylar.