Reňklere siňen gözellik


Reňklere siňen gözellik

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ähli ulgamlar bilen bir hatarda milli şekillendiriş sungatynda hem uly ösüşler gazanylýar.

Ýurdumyzda Şekillendiriş sungatynyň dürli ugurlary boýunça sergiler gurnalyp halkymyza, daşary ýurtly myhmanlara yzygiderli görkezilip durulýar. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky ýurdumyzyň ýörite çeperçilik we sungat orta hünär okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplaryň, hem-de çagalar çeperçilik we sungat mekdeplerinde bilim alýan okuwçylaryň arasynda «Reňklere siňen gözellik» atly çeperçilik bäsleşigi geçirildi.

Bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan diplomlar we höweslendiriji sowgatlar gowşuryldy. Bäsleşige gatnaşan ýaş suratkeşler halypa şägirtlik ýoluna giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen sungatynyň Halk Howandary Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza juwan ýüreklerinden çykýan alkyşlaryny aýtdylar.