Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky HNGU-de göçme sergi gurnaldy


Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky HNGU-de göçme sergi gurnaldy

Şu ýylyň 17 — 19-njy oktýabry aralygynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň hünärmenleri Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde göçme sergi gurnadylar.

Ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlarydyr talyp ýaşlar üçin guralan göçme sergide görkezilen muzeý gymmatlyklarynyň arasynda gadymy türkmen halylary we haly önümleri, türkmen milli egin-eşikleri, irki döwürlerde gündelik durmuşda ulanylan öý goşlary we saz gurallary görkezildi.

Şeýle serginiň guralmagy türkmen halkynyň baý geçmiş mirasyny ýaş nesillere ýetirmek, şeýle-de milli gymmatlyklarymyza goýulýan hormat sarpanyň nyşany bolup durýar.