«Halkyň hakydasyna siňen millilik» atly söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi
Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşmesiniň merkezi geňeşiniň Arkadag şäheriniň zenanlar bölüminiň, Türkmenistanyň Demoktratik partiýasynyň Arkadag şäheriniň komiteti, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi bilen bilelikde «Halkyň hakydasyna siňen millilik» atly mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň gatnaşmaklarynda türkmen gyz-gelinleriniň nepis el işleri barada söhbetdeşlik duşuşygy we aýdym-sazly dabara geçirildi.
Dabarada Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň bölüm müdiri Enebaý Amanberdiýewa, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary Jahan Altyýewa, Güljan Garýagdyýewa hem-de talyp gyzlary türkmen zenanlarynyň on barmagynyň hünäri bilen döreýän, kalbynyň nury siňen, älemgoşar öwüşginli ajaýyp keşdeler, türkmen milli lybaslary görnüşleri, ýaş aýratynlyklary boýunça tapawutlary, çaga eşikleri we olara dakylýan şaý-sepler barada täsirli gürrüňler bilen çykyş etdiler.
Ene-mamalarymyzyň sünnäläp çeken keşdeleri, dokan halylary we beýleki el işleri gadym döwürlerden bäri dünýä ýüzünde tanalyp, uly meşhurlyga eýe bolupdyr. Olar asyrlardan asyrlara geçip, aýawly saklanyp, biziň günlerimize gelip ýetipdir we gün-günden kämilleşýär, döwrebaplaşýar. Şeýle hem söhbetdeşligiň dowamynda muzeýiň hünärmenleri we institutyň talyp gyzlary türkmeniň nepis el işlerini ýerine ýetirmek arkaly öz ussatlyklaryny görkezdiler.
Dabarada Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlarynyň ýerine ýetirmekleriniň halk döredijiliginiň görnüşlerini ýerine ýetirdiler.