Göçme sergi


Göçme sergi



Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe medeniýet ulgamyny ösdürmek we halkymyzyň medeni-ruhy derejesini ýokary götermek ugrunda giň gerimli işler amala aşyrylýar.
Türkmenistanyň bäş müňýyllyk baý taryhy mirasy, medeniýeti we etnografiýasy bar. Türkmen halkynyň egin-eşikleri ýaş we nagyşlaryň köp öwüşgünlüligi boýunça tapawutlanýar. Olara çaga eşikleri, ýaş gyz-gelinleriň, orta ýaşan zenanlaryň, ýaşuly ene-mamalarymyzyň egin-eşikleri we durmuş esbaplary degişlidir. Halkyň däp-dessurlary häzirki zaman jemgyýetiniň geçmiş, milli ýaşaýyş, medeniýet bilen arabaglanşygyny pugtalandyrýar.
2021-nji ýylyň 11-nji fewralynda Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň döwlet muzeýi tarapynda göçme sergi gurnaldy. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň gaznasyndan gözel ülkämizi wasp edýän hala çitilen şekiller, haly we haly önümleri, şeýle-de milli egin-eşikler, durmuş esbaplary, saz gurallary sergide görkezildi.
Serginiň açylyş dabarasynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Arheologiýa we etnologiýa kafedrasynyň mugallymy Mähri Perdeliýewa we Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Medeni aň-bilim işleri bölüminiň müdiri Öwez Rahmanow çykyş etdiler.
Sergä Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
Göçme serginiň gurnalmagy türkmen halkynyň milli däp-dessurlarydyr edep-kadalaryny, ýaşlaryň terbiýesinde muzeý gymmatlyklarynyň ähmiýeti barada birnäçe işleriň alnyp barylýandygyny wagyz etmäge mümkinçilik berdi.