Wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk


Wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk



Şu gün, 2021-nji ýylyň 25-nji awgustynda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde Mary welaýatynyň Hudaýnazar kümmetinde rejeleýiş işlerini geçirmek boýunça taslamanyň kabul edilmegine bagyşlanan wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Onda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy ABŞ-nyň "Medeni mirasy gorap saklamak baradaky Ilçiniň gaznasy" maksatnamasynyň çäklerinde 2021-nji ýyl üçin bäsleşigiň netijesinde Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň ABŞ-nyň Tehas uniwersiteti bilen bilelikde hödürlän taslamasynyň ýeňiji hökmünde saýlanandygy habar berildi.
Bu taslamanyň çäklerinde Mary welaýatyndaky Hudaýnazar kümmetiniň esasy girelgesi ýerleşen günbatar diwaryny ozalky durkuna getirmek we ol ýerde ulanylan bezeg nagyşlaryny dikeltmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Ilçihana agzalan müdirligiň wekilleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde ýeňijini gutlamak dabarasyny geçirdi. Duşuşyga Tehas uniwersitetiniň wekilleri gatnaşdylar. Hudaýnazar kümmetini rejelemek boýunça taslama “Medeni mirasy gorap saklamak baradaky Ilçiniň gaznasy” Maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzda ýeňiji hökmünde yglan edilen 29-njy taslama bolup durýar.