Nagyşlara siňen gözellik


Nagyşlara siňen gözellik

Beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwrenmek we halka ýetirmek maksady bilen bu ýylyň şygary hem «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýilmegi milli mirasymyza goýulýan hormatdyr. Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň gurnamagynda «Nagyşlara siňen gözellik» atly döredijilik duşuşygy geçirilýär.

Duşuşykda Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hünärmenleri keşdeçilik sungatynyň gelip çykyşyndan tä şu günlere çenli berlen ünsüň çäksizligi dogrusynda täsirli gürrüňdeşlik geçirdiler. Söhbetdeşlige gatnaşanlar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar-Watanyň daýanjy» atly kitabynda hünär barada aýdan sözlerinden başladylar. ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl gymmatlyklarynyň sanawyna goşulan türkmen Keşdeçilik sungaty barada ene-mamalarymyzdan gelýän, şeýle hem halypa zenanymyz Ogulgerek Berdimuhamedowanyň nusgalyk ýöl-ýörelgesi dogrusyndaky söhbetdeşlikleri has-da täsirli boldy.

Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan çykan «Arşyň nepisligi», «Janly rowaýat», «Enä tagzym-mukaddeslige tagzym», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaplary baradaky gürrüňler söhbetdeşligiň has-da gyzygyny artdyrdy. Keşdelerde türkmeniň milliligi siňendir. Ol döredijilikli zenanlarymyzyň gözelligine gözellik gatýar. Özleriniň isleg-arzuwlaryny keşdä siňdiren ene-mamalarymyzyň nusgalyk ýol-ýörelgesi dowamat dowam bolar.