2021-nji ýylyň 26-njy noýabrynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Halkyň Arkadagly zamanasy» atly maslahat geçirildi


2021-nji ýylyň 26-njy noýabrynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Halkyň Arkadagly zamanasy» atly maslahat geçirildi



«Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçip barýan ýylda milli Liderimiziň yzygiderli tagallasy netijesinde ykdysadyýetimizi ösdürmek boýunça kabul edilen döwlet maksatnamalaryny ýerine ýetirmek babatda guwandyryjy işler amala aşyrylýar. Diýarymyzyň ähli ugurlar boýunça ýeten derejesi, gazanylan üstünlikler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda alnyp barylýan Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň netijeli häsiýete eýe bolandygyny alamatlandyrýar. Şu jähetden, halkymyzyň täze 2022-nji ýyly Gahryman Arkadagymyzyň ady bilen baglanyşdyrmak baradaky arzuw-islegleri nazara alnyp, «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip atlandyrylmagy 2022-nji ýylyň şygarynyň merdana halkymyzy täze üstünliklere ruhlandyrýandygy bellenildi.

Täze ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýip atlandyrylmagy bagtly zamanany esaslandyryp, halkymyzy we Watanymyzy täze üstünliklere alyp barýan Gahryman Arkadagymyza bolan beýik hormat-sarpanyň aýdyň nyşany bolup durýar. Çykyş edenler täze ýylyň şygary baradaky teklibi goldap, türkmen halkynyň mertebesini belende göteren, ýurdumyzyň halkara derejedäki abraýynyň artmagy ugrunda yzygiderli alada edýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa alkyş sözlerini aýtdylar.

Maslahata kitaphana hünärmenleri, artistler, aýdymçylar, mugallymlar gatnaşdylar.
Maslahaty Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory Meretgeldi Çaryýew açdy. Maslahatda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň bölüm müdiri Agamyrat Baltaýew, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň kitaphanaçysy Ogultagan Orazdurdyýewa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky sazly drama teatrynyň sahna ussady, Türkmenistanyň at gazanan artisti Annamyrat Saparow, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň direktorynyň orunbasary Käkilik Öwezberdiýewa, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Medeni gymmatlyklary rejelemek kafedrasynyň uly mugallymy Bahar Gurbannyýazowa, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sungaty öwreniş kafedrasynyň mugallymy Jemal Toryýewa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň bölüm müdiriniň orunbasary Güljemal Annamyradowa çykyş etdiler.

Maslahatda täze 2022-nji ýyly Gahryman Arkadagymyzyň ady bilen baglanyşdyryp, «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip atlandyrmak baradaky teklip biragyzdan goldanyldy.