«Şekillendiriş sungatynyň häzirki zaman aýratynlyklary» atly söhbetdeşlik


«Şekillendiriş sungatynyň häzirki zaman aýratynlyklary» atly söhbetdeşlik



Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Şekillendiriş sungatynyň häzirki zaman aýratynlyklary» atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlige muzeýiň hünärmenleri hem-de Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky şahamçasynyň esasy kitaphanaçysy Arzuw Allaberenowa, Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň sungat bölüminiň müdiri Atabaýewa Maýsa, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinden Söýün Sähetgylyjow dagylar çykyş etdiler. Çykyşlaryň mazmuny her bir medeniýetiñ öz sungatynyň gelip çykyşynyñ taryhy bolşy ýaly biziñ halkymyzyñ hem sungatynyñ taryhy, aýratynam türkmen nakgaşçylyk sungatynyň has irki döwürlerden bäri gözbaş alyp gaýdýandygy, asyrlaryñ dowamynda aýratynlygyny ýitirmän milli hem-de usul aýratynlygyny nesilden-nesle geçirip saklan halkyñ örän baý medeniýetiniñ bolanlygy, hat-da özboluşly türkmen şekillendiriş sungatynyñ dünýä medeniýetiniñ we sungatynyñ kämilleşmeginde-de uly ornunyň bardygy barada gyzykly söhbetler boldy.
Sebäbi sungatyñ hemişe bir-birine bolan özara täsirleriniñ esasynda kämilleşýändigini hiç kim inkär edip bilmez. Eýsem, türkmen sugatynyñ baý taryhy bolanlygyny biz özümiziñ gadymy ata-babalarymyzdan miras galan eserlerdir ýadygärlikleriñ esasynda-da bilýäris. Aýratynlykda dünýä medeniýetiniñ taryhynda yz goýan türkmen nakgaşçylyk sungaty biziñ şu günlerimize çenli halkymyzyñ döredijilikde ýeten iñ uly derejesi hasaplanýar.
Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen medeniýetine,sungatyna uly sarpa goýýan hormatly Prezidentimize alkyş sözleri aýdyldy.