Göçme sergi guraldy
«Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan 2021-nji ýyl turuwbaşdan şatlykly wakalara, toýdur baýramlara beslenýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň uly dabaralara beslenjek ýylynda garşy alýan her günümiz şatlykly wakalardan doly. Ýylyň bu ajaýyp şygary Ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesiniň, Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen ynamly öňe gitmek bilen baglanşykly maksatnamany beýan edýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe belent ruhly, hemmetaraplaýyn ösen şahsyýeti ýetişdirmek esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Gahryman Arkadagymyz ösüp gelýän ýaş nesliň watansöýüji, halkyna we ene-ata wepaly, ylymly-bilimli we giň dünýägaraýyşly şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin uly aladalar edilýär we munuň üçin ähli zerur şertler döredilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň yglan eden «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda Watanymyzyň şanly Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk we baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk baýramynyň bellenýän ýylynda muzeýde birnäçe baýramçylyk mynasybetli wagtlaýyn we göçme sergiler, halypa sungat ussatlary bilen döredijilik duşuşyklary, halypa şägirtlik sapaklary yzygiderli alnyp barylýar.
«Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly mynasybetli Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gymmatlyklaryndan düzülen göçme sergi gurnaldy. Sergide ýurdumyzyň ussat nakgaşlarynyň ýerine ýetiren ajaýyp sungat eserleri bu serginiň gözelligine gözellik goşýar. Sungat eserlerinde ajaýyp Watanymyzyň waspy tebigatymyzyň asuda sährasy görkezilýär. Bu eserleri ýurdumyzyň ussat suratkeşleri, Ý. Annanurowyň «Ussat zenan», Ý. Adamowanyň «Gyzyň portreti», K.Seýitmuhammedowyň «Garaşsyzlyk toýy», W.Kudrýaşowyň «Parfiýa ýaýlasy» ýaly eserleri ussatlyk bilen ýerine ýetiripdirler. Bulardan başga-da tanymal suratkeşleri H.Rejepowyň we M.Kakabaýewiň şeýle-de Ý.Grişiniň ajaýyp eserleri sergide görkezilýär. Türkmen halkynyň taryhyny we medeni-syýasy durmuşyny beýan etmek türkmen sungatynyň häsiýetli aýratynlygydyr.Türkmen şekillendiriş sungatynda halkyň durmuşyny we adamyň ruhy dünýäsi has dolulygy bilen döredýän tematik eserler bilen baglanyşyklydyr. Türkmen suratkeşleriniň eserlerinde taryh, durmuş sahnalary çeperçilik aýdyňlygynyň milli durmuşyň we ýaşaýşynyň özboluşly sahnasyny ynandyryjy hakykylygynda mazmunynyň milli aýratynlyklaryny kesgitleýär.
Şular ýaly ajaýyp sergilerimizi guramaklygymyza şeýle hem türkmen medeniýetiniň we sungatynyň gülläp ösmegine uly mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimiziň jany sag, tutýan tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýäris. Goý, parahat Watanymyzda toýlar- toýa ulaşsyn.